• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Walentina Tereşkowa – Ilkinji zenan kosmonawty

1963-nji ýylyň 16-njy iýunynda Walentina Tereşkowa “Wostok-6” älem gämisinde, äleme uçuşy amala aşyrdy. Ol hasap boýunça  6-njy sowet kosmonawty boldy. Şol bir wagtynda içinde orbitada “Kosmos-5” älem gämisi hem bar ekeni, ony bolsa kosmonawt Waleriý Bykowskiý dolandyrypdyr. Walentina Tereşkowa äleme ilkinji uçuşy güni ýakyn garyndaşlaryna paraşýutistleriň ýaryşyna barýandygyny aýdýar.

Onuň uçuşy barada garyndaşlary radio täzeliklerinden eşdýärler. Polkownik Nikolaý Petrowiç Kamanin şeýle belleýär: “Tereşkowanyň uçuşyň öňi-syrasynda beren hasabatyny we gämini orbita çykaryşyny gören we radioda eşiden adamlaryň ählisi bir agyzdan Popowiç we Nikolaýewden gowy amala aşyrdy diýdiler. Hawa men ilkinji zenan kosmonawtyny saýlamakda ýalnyşmadygyma diýseň begenýän”, Tereşkowa uçuşda gaty agyr bolupdyr, emma ýurek bulanmasyna we fiziki oňaýsyzlyga garamazdan, ol  ýeriň daşyndan 48 aýlawy amala aşyryp 3 güne golaý wagtyny geçirdi we gorizonty surata düşürip žurnal ýöredipdir. Tereşkowadan soň ikinji zenan-kosmonawty 19 ýyldan soň uçuşy amala aşyrýar, olam Swetlana Sawiskaýa.