“Apple” kompaniýasy täze bir täsin noutbuk enjamyny döretmegiň üstünde işleýär. Sensor ekran we ARM prosessor bilen abzallaşdyryljak bu gibrid enjam “Star” (Ýyldyz) diýlip atlandyrylar şeýle-de bu noutbukda SIM kartlar üçin içinden ýörite oturdylan ýer we GPS moduly bolar. Hünärmenler bu täsin enjamyň suw syzdyrmajakdygy barada aýdýarlar. Bu enjam bütin bir gije-gündizläp işjeň ýagdaýda ulanylan halatynda hem zarýadsyz oňjakdygy barada hünärmenler belläp geçýärler. Täze enjamda haýsy amaly ulgamyň boljakdygy we onuň haçan satuwa çykaryljakdygy häzirki wagtda belli däl.