• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Russiýa howply asman jisimleri barada habar berýän ulgam döreder

Russiýa howply asman jisimiň golaýlamagyny duýdurýan ulgamy döretmegi meýilleşdirýär. Bu pikiri durmuşa geçirmek 4,1 milliard rubl sarp eder, programmany döretmek wagty 2016-2025-nji ýyllar aralygy bolar.

Russiýa golaýdaky birnäçe ýylyň dowamynda Ýer üçin howply bolan asman jisimi tanaýan ulgamy döretmegi meýilleşdirýär. Bu işleri Merkezi ylmy-barlag maşyngurluşyk instituty meşgullanar. Bu proýekti hakykylaşdyrmak üçin Federal býujeti 4.1 milliard rubl sarp eder.

“Bize Ýere golaýlaýan obýektler barada maglumaty ýygnaýan we analiz edýän kompleksi işläp taýýarlamak işi garaşýar. Şunuň bilen birlikde asman jisimi bilen çaknyşmak howpy abanan ýagdaýynda maglumaty beýleki yurtlar bilen alyş-çalyş etmek üçin halkara toruny döretmekçi. Häzirki wagtda biziň asteroidlere täsir etmäge mümkinçiligimiz ýok, munuň üçin takyk serişdeler gerek, şu wagt biz onuň bilen meşgullanmaýarys. Biziň esasy maksadymyz häzirki wagtda – üç sagatda asman obýektiň ýasgysyny kodifisirlemäge mümkinçilik berýän ulgamy taýýarlamak. Şol wagtyň dowamynda planetamyz bilen çaknyşmagyň öňüni alýan meýilnama düzüp bileris.” - diýip halkara astronomiki akademiýanyň agzasy Gennadiý Raýkunow gürrüň berdi.