• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Elektron tölegi ýaýbaňlandyrar

21-nji martda “Apple” kompaniýasy täze smartfony barada giňişleýin maglumat beripdi. Kompaniýa arzan bahaly bu telefony satuwa çykarmak bilen öz satuwyny has hem artdyrmak isleýär. Amerikan şereketi diňe elektron önümçüligi bilen meşgullanmaýar. Dünýä ägirdiniň girdejisiniň ep-esli bölegini applikasiýlar, ýagny, mobil enjamlar üçin taýýarlanan programmalar emele getirýär. “ Apple” maliýe pudagynda hem iş alyp barýar. “iPhone” enjamlary elektron söwdada giňden peýdalanylýar. Häzirki  wagtda söwda nokatlarynda bank petekleriniň ýerine ulanyp bolýan bu enjamlar arkaly ýylyň ahyrynda internet arkaly bölek söwda-da hem ulanyp  boljakdygyny mälim edildi. Şeýlelikde “iPhone” we “iPad” enjamlary arkaly mobil web saýtlarynda “Apple Pay” arkaly söwda edip bolar. 

ISLEGI ÝOKARY BOLDY

Internetden sargyt kabul edip başlan “Ip-hone SE” modeline Hytaýda has köp isleg bildirildi. 4 dýuýmlyk smartfondan eýýäm bu ýurtda 3.4 million müşderi sargyt etdi. Altynsöw reňkli “iPhone”-lar bolsa, iň köp  saýlanan enjam boldy. Täze modeliň “iPhone 6s” –den ýokary hilli, emma bahasynyň  amatly bolmagy oňa bolan gyzyklanmany hem artdyrýar.