• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýaşyl energiýa 250 million ýewro goýlar

Beýik Britaniýada 30 kompaniýa täzelenýän çeşmelerden energiýa almak boýunça taslamalara pul goýmaga isleginiň bardygy barada mälim etdi. Dünýäniň iň iri maliýe kompaniýalarynyň biri “HSBC Holdings Pl” Günden we ýelden alynýan energiýanyň täzelenýän çeşmelerine öz gaznasyndan 250 million ýewro (329 million dollar) goýmagy niýet edinýändigini habar berdi. Şeýlelikde, bu maliýe holdingi daşky gurşawyň özgermegi boýunça maksatnamalaryň çäklerinde şeýle meýilnamalary barada mälim eden 30 kompaniýa biriger. “Amazon” ýurduň ähli ýerindäki ammarlara kuwwatlygy 20 megewata deň bolan Gün batareýalaryny ornaşdyrmaga borçlandyryldy. “EDF Energy Plc” 2030-njy ýyla çenli özüniň 1500 awtoulagyny Beýik Britaniýanyň hökümetiniň “Ýaşyl hepde” taslamasynyň çäklerinde elektrikleşdirýärler. Beýik Britaniýa 1990-njy ýyldan bäri kömürturşy gazynyň howa goýberilişini 28 göterim azaltmagyň hötdesinden geldi.