• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Maýninig üçin iň amatly hasaplanýan ýurtlar

International Business Times habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, maýning üçin 115 ýurdyň içinde iň amatlysy Wenesuela, ýagny 1 bitkoiny ýygnamakda iň arzan ýurt hasaplanýar.

         Bu görkezijini hasaplamakda 1 bitkoiny ýygnamak üçin harçlanýan elektrik energiýasynyň bahasy hem wajyp rol oýnaýandyr. Ýagny internet maglumatlaryna görä 1 bitkoiny ýygnamak üçin harçlanýan elektrik energiýasy takmynan 4,32 MWt deň. Halkara energiýa agentliginiň maglumatlarynya görä Wenesuelada 1 bitkoin ýygnamak üçin 531 dollarlyk energiýa harçlanýar. Bu görkeziji Hindistanda 3274 dollar, Hytaýda bolsa 3172 dollar hasaplanýar. ABŞ-y bolsa bu ugurda 41-nji orny eýeläp, Kanada döwletine garanyňda 1 bitkoin ýygnamak üçin harçlanýan pulda tas 1000 dollar tapawut etýär. Häzirki wagtda Günorta Koreýada 1 bitkoin ýygnamak üçin 26170 dollar harçlanyp, dünýäde bitkoinyň iň gymmat düşýän ýurdy hasaplanýar.