• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Russiýaly alymlar maglumatlary ömürlik ýatda saklaýjy gurluşy döretdiler

Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, maglumatlary hemişelik ýatda saklamaga ukyply enjamy döredipdirler. Alymlar adaty CD disklere derek kwars diskleri ulanmagy hödürleýärler.

Kwars disklerde maglumatlaryň saklanyşy adaty CD diskleriňkiden üýtgeşik bolýar. Sebäbi maglumat gurluşyň ýüzüne däl-de ähli göwrümi boýunça ýazylýar. Şeýlelik bilen ýazgylar nanogözeneklerde amala aşyrylýar. Bu bolsa bir nokatda diňe bir däl-de, eýsem birbada birnäçe (5 bite çenli) ýazgylary etmeklige ýardam berer. Ýadyň täze görnüşine köp derejeli göwrümli ýat diýýärler. Ol has uly göwrümli maglumatlary gurluşlarda saklamaga mümkinçilik berer.

Hünärmenler bu disklerde 1 terabaýta golaý maglumatlary saklamaklygy meýilleşdirýärler. Meselem, şeýle görnüşli bir diskde 500-e golaý çeper film ýa-da 200 000 –den köpräk arhiw dokumentlerini saklap bolar.

Esasy belläp geçmeli zat, kwars diskler temperatura we basyş ýaly dürli daşky faktorlara ýokary derejeli durnuklydyr. Maglumat ýitgisiz olar ýangyn täsirlerinden üstünlikli geçip bilerler. Ondan başga-da, kwars disklere elektromagnit şöhleleri howply däldir.

“Döwlet arhiwleri, kitaphanalary, medisina pudaklary üçin esasy mesele uzak wagtlaýyn maglumatlaryň saklanmagydyr. Maglumat gorlarynyň ölçegi, gaýtadan ýazylyp bilmek ukyby gorlaryň ýokary bahasyny kesgitleýär. Häzirki zaman maglumat gorlary maglumatlary 10-20 ýyl saklaýar. Öz gezeginde, kwars disklerde maglumatlary täzeden ýazmak zerur däldir. Bellenip geçilmeli zat, başga materiýallar bilen şeýle ylmy işler başga ýurtlarda-da geçirilýär. Meselem, Angliýada, Ýaponiýada. Ýöne şu wagtky ýagdaýda, elektron ýagdaýda maglumatlary kiçi göwrümli disklerde saklaýarlar. "Millenniata" atly amerikan kompaniýasy, 25 GB göwrümli, 1000 ýyllyk ömürli maglumat saklaýjy diskini satuwa çykardy. Ýöne, bu gurluş ýangyna durnukly däldir ”, - diýip, proýektiň ýolbaşçysy Pýotr Henkin belläp geçýär.