• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Mobil enjamlardaky paýy artar

Tä­ze ama­ly ul­gam “Win­dows - 10” 29-njy iýul­dan baş­lap, ula­ny­jy­la­ra ýe­ti­ri­lip baş­lan­dy.

“Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy onuň hem komp­ýu­ter­ler hem-de mo­bil en­jam­lar üçin nus­ga­la­ry­ny çy­kar­dy. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa “iOS” we “and­ro­id” ul­gam­ly tele­fon­lar­dan oz­ma­gy mak­sat edin­ýär. Kom­pa­ni­ýa smart­fon we plan­şet ba­za­ryn­da has köp paý al­mak is­le­ýär. Şol se­bäp­li kom­pa­ni­ýa “Win­dows - 10”-y ula­ny­jy­la­ra tö­leg­siz hö­dür­le­di. Bu ýag­daý onuň mo­bil en­jam­la­ryň ba­za­ryn­da has tä­sir­li bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ama­ly ul­ga­myň tä­ze nus­ga­sy­nyň iň özü­ne çe­ki­ji ta­ra­py, onuň dür­li en­jam­lar­da hem ula­ny­lyp bol­ma­gy­dyr. Ýag­ny ama­ly ul­gam komp­ýu­ter, no­ut­buk, smart­fon, “XBox One”, “Ho­lo Lens” we “Ras­per­ry Pi” ýa­ly dür­li en­jam­lar­da peýdalanyl­ýar. App­li­ka­si­ýa taý­ýar­laý­jy şe­re­ket­ler şol bir app­li­ka­si­ýa­ny ola­ryň äh­li­si­ne sa­typ bi­ler­ler. Tä­ze döw­rüň baş­lan­andy­gy­ny aý­dan kom­pa­ni­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­sy Ter­ri Mýer­son tä­ze ul­ga­myň has yg­ty­bar­ly bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Üç gö­te­ri­mi “Wındows”

Ada­ty komp­ýu­ter­le­riň ag­la­ba­syn­da “Win­dows” ula­nyl­ýar. Em­ma “akyl­ly” te­le­fon­lar­da bu ul­gam en­tek o di­ýen ýaý­ra­ma­dyk. “In­ter­na­tio­nal Da­ta Cor­po­ra­ti­on” (IDC) hem-- de “Net­Mar­ketS­ha­re” mas­la­hat be­riş şe­re­ket­le­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­dä­ki her 100 komp­ýu­te­riň 90-yn­da “Win­dows” bar. Smart­fon­la­ryň 78-in­de “And­ro­id”, 18-in­de “iOS” we 3 –in­de “Win­dows” ama­ly ul­ga­my ula­nyl­ýar. Tä­ze ama­ly ul­ga­myň hö­dür­len­me­gi bi­len “Micro­soft” mo­bil en­jam­lar­da­ky pa­ýy­ny art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Mu­nuň üçin bu ul­gam­da iş­le­ýän app­li­ka­si­ýa­larň kö­pel­me­gi ze­rur­dyr. Go­laý­da “Win­dows Brid­ge” app­li­ka­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çi­ren şe­re­ket onuň ne­ti­je­sin­de, “And­ro­id” we “iOS” app­li­ka­si­ýa­la­ry­ny aň­sat­lyk bi­len “Win­dows - 10” ama­ly ul­ga­myn­da iş­le­mä­ge saz­la­şyk­ly ýag­da­ýa ge­tir­mek üçin şert dö­ret­di. In­di “Win­dows” ula­ny­jy­la­ry dür­li gör­nüş­li en­jam­la­ry ar­ka­ly ‘Win­dows” dü­ka­nyn­dan ge­rek­li prog­ram­ma­la­ry alyp bi­ler­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, il­kin­ji 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da 14 mil­li­on adam “Win­dows - 10”-y öz en­jam­la­ry­na ýük­le­di. Öňü­miz­dä­ki 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da bu gör­ke­zi­ji­niň 1 mil­li­ar­da ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry

“Win­dows - 8.1” hem-de “Win­dows - 7 Service Pack - 1” ula­ny­jy­la­ry bir ýy­lyň do­wa­myn­da “Win­dows - 10”-a tö­leg­siz ýag­daý­da ge­çip bi­ler­ler. Mu­nuň üçin in­ter­net ar­ka­ly wagt bel­let­mek­le­ri ze­ru­ru­dyr. “Cor­ta­na” at­ly elekt­ron “kö­mek­çi” ses­li buý­ruk­lar ar­ka­ly peýdala­ny­jy­la­ra öz wag­tyn­da, ge­rek­li mag­lu­mat­la­ry tap­ma­ga ýar­dam eder. Hä­zir­lik­çe iň­lis we hy­taý dil­le­ri­ne “dü­şün­ýän” “Cor­ta­na” gel­jek­de has köp dil­de buý­ruk­la­ry ka­bul eder. “Micro­soft Ed­ge” at­ly tä­ze in­ter­net göz­leý­ji­si gys­ga wagt­da in­ter­net­de göz­leg­le­ri ama­la aşyr­ma­ga, oka­ma­ga we sa­hy­pa­nyň üs­tü­ne bel­lik et­mä­ge hem-de ola­ry paý­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. “Win­dows” bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şy­gy bo­lan hem-de “Win­dows - 8”- de aý­ry­lan “baş­la­mak” düw­me­si ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly tä­ze ama­ly ul­ga­ma do­la­nyp gel­di.

Şeý­le hem “Con­ti­nu­um” hyz­ma­ty ar­ka­ly sen­sor­ly en­jam­dan ada­ty gurallara aň­sat­lyk bi­len ge­çip bol­ýar. Ýag­ny ama­la aşy­ryl­ýan şol­ bir işi beý­le­ki en­jam­da do­wam et­di­rip bol­ýar. In­di “Xbox” oýun­la­ry­ny “Win­dows - 10” en­jam­la­ryn­da oý­na­mak bol­ýar. Ula­ny­jy­lar üçin iň ze­rur zat­la­ryň bi­ri hem mag­lu­mat­la­ryň go­rag­ly­ly­gydyr. Tä­ze ama­ly ul­gam­da “Win­dows De­fen­der” at­ly tö­leg­siz an­ti­wi­rus bar. “Smart Scre­en” app­li­ka­si­ýa­sy hem en­ja­my­ňy­zyň yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. “Device Card” di­ňe, ozal rug­sat edi­len app­li­ka­si­ýa­la­ry ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. “Win­dows Hel­lo” aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa, hiç hi­li pa­rol ulan­maz­dan bio­me­trik usul­lar ar­ka­ly en­ja­my­ňy­zy aç­ma­ga ýar­dam ed­ýär.