• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Milliard ýewrolyk superkompýuter

Ýewropa komissiýasynyň ygtyýarynda bahasy 1 milliard ýewrodan gowrak bolan superkompýuter peýda  bolar. Komissiýasynyň şeýle teklibini Ýewropa Bileleşigi ýurtlary makulladylar. Şu ýylyň noýabrynda Lýuksemburgda Ýewropanyň hasaplaýyş merkezi açylýar. Onuň gurluşygyna 24ýurt, şol sanda, Ýewropa  Bileleşiginiň agzasy bolmadyk Norwegiýa hem gatnaşýar. Taslamany amala aşyrmak üçin Ýewropa   Bileleşiginiň býujetinden 485 million ýewro, gatnaşyjy ýurtlardan 400 million ýewro, hususy  kompaniýalardan 400 million ýewro gelip gowşar.Bu serişdelere iki sany superkompýuter satyn alnyp,dünýäniň iň güýçli bäş superkompýuterleriniň sanawyna girer.Lýuksemburgdaky hasaplaýyş merkezi  Ýewropa ýurtlaryndaky superkompýuterleriň ýeke- täk toruna birikdiriler. Dünýäniň iň güýçli  superkompýuteri “Summit” ABŞ-da gurlup, şu ýylyň iýun aýynda işe girizildi. Ol ýurduň Energetika  ministrliginiň milli laboratoriýasynda döredildi. Kompýuteriň kuwwaty 200 petaflopsa ýa-da sekuntda 200   müň trillion hasaplama deňdir. Mundan ozal, dünýä reýtinginiň belentliginde 93 petaflops görkezijisi bilen  Hytaýyň “Sunway TaihuLight” superkompýuteri durýardy. Nemesleriň “Juwels” atly iň güýçli   superkompýuteri ýurduň günbataryndaky Ýulihiň ylmy- barlag merkezinde ýerleşip, onuň kuwwatlylygy 6,2 petaflops.“Juwels” dünýä reýtinginiň top-500- liginde 23-nji orny eýeleýär.