• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

2017/2018-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky  hünärler  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan  edýär:

1. Medeni- köpçülik  çärelerini  guramak.

2. Höwesjeň  halk saz orkestrine ýolbaşçylyk.

3. Çagalar  okaýşyny guramak.

4. Aktýorçylyk  (halk teatr topary).

5. Kitaphana  işini öwreniş.

6. Saz we yşyk bilen bezemek.

7. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny gurnamak  we arhiw  işi.

8. Muzeý  işi we medeni  ýadygärlikleri  goramak.

9. Medeniýet öýlerinde  režissýorlyk.  Türkmen  döwlet  medeniýet  we  sungat  mekdebine  Türkmenistanyň  umumy  orta  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy  iýuly  aralygynda  Kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

— bellenilen  nusgada   direktoryň  adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky  sowalnama (anketa);

 — umumy   orta bilim  barada  resminamanyň  asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň tarapyndan  bellenilen  nusgadaky saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

 — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi; 

—  giriş synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim  dersleri boýunça  halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary,  taýýarlygyň döredijilik  ugurlary  (hünärleri) boýunça bilim  edaralaryna  girýän milli we halkara  döredijilik  bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan  degişli resminamanyň  asyl nusgasyny tabşyrýar.  Bulardan başga- da, okuwa girmäge  isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde  resminamalary Kabul edýän  iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly Güýçlerinde  harby gullugy  geçenler harby  şahadatnamasyny,  harby gullugy geçmedik ýigitler  ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri  boýunça  harby wekillikden  güwähatyny. Dalaşgär  talyplyga Kabul  edilmek  üçin artykmaç hukukdan  peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip  biler. Nädogry berlen  maglumatlar we resmi iş kagyzlary  üçin  dalaşgär şahsy  jogapkärçilik çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa Kabul  edilmek  2017-nji  ýylyň  iýul  aýynyň  30-y, awgust  aýynyň  1-i we 3-i günlerinde  Türkmen  döwlet  medeniýet  we sungat  mekdebinde  (Aşgabat  ş.) geçirilýär. 

Giriş  synaglary  aşakdaky   dersler boýunça geçirilýär: 

çagalar okaýşyny  guramak;  kitaphana   işini  öwreniş;  iş  kagyzlarynyň  dolanyşygyny gurnamak  we  arhiw  işi; muzeý  işi we  medeni  ýadygärlikleri  goramak  hünärleri  — türkmen dili  we  edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy,  saýlanan  hünäriň  soraglary  boýunça  söhbetdeşlik;

medeniýet öýlerinde  režissýorlyk;  aktýorçylyk  (halk teatr topary);  medeni-  köpçülik  çärelerini guramak; höwesjeň halk saz  orkestrine  ýolbaşçylyk;  ses  we yşyk bilen  bezemek  hünärleri  —  saýlanan  hünär  boýunça  ukybyny  barlamak,  türkmen  dili  we  edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy.

Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş synaglary  döwlet  dilinde  dilden geçirilýär.  Giriş synaglarynyň  tertibinde  bellenen wagtda  synaga esassyz sebäplere görä  gelip bilmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.

Türkmen  döwlet  medeniýet  we  sungat  mekdebiniň salgysy:  Aşgabat  ş., Magtymguly  şaýoly,  4; tel.: 27-21-22, 27-21-23.