• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýä habarlary gysga setirlerde

Hytaýly  suratkeş  Çžao Usziniň kartinasy Gonkong auksionynda rekord bahadan satyldy. “Iýun-oktýabr   1985” atly  kartina täze eýesine 65,2 million amerikan dollaryna düşdi.

1-nji oktýabrda  ady rowaýata öwrülen fransuz kompozitory, şahyry, ýazyjysy Şarl Aznawur 94 ýaşynyň  içinde  aradan çykdy. Ol çen bilen, 1300 aýdym döredip, 60 sany filmde oýnady, 200 milliondan gowrak diski satyldy.

27-nji sentýabrda Pragada öz işine  başlan 8-nji fotosurat sergisi 27-nji oktýabra çenli dowam eder. Çäräniň   dowamynda çeh we daşary ýurtlaryň fotosuratçylary öz işlerini hödürleýärler.

“Time” žurnaly  ýylyň dowamynda ikinji gezek satyldy. Ony amerikan kompaniýasy “Salesforce”- yň   esaslandyryjylary  Mark Benioff we onuň aýaly Linn Benioff satyn aldy. Geleşik bu maşgala 190 million dollara düşdi.

Agramy 19 karata deň bolan  “Pink Legacy” atly açyk gyzyl reňkli göwher daşy iňlis söwda öýi “Christie’s”-   de 50 million dollara satuwa çykaryldy.

Amerikan  žurnaly “People”- iň bellemegine görä, britan şazadasy Garriniň aýaly Megan Markl ýylyň iň  zynatly, muwapyk geýinýän zenany boldy.

Yragyň  parlamenti Barham Salehini ýurduň täze Prezidenti wezipesine saýlady.

Katar  geljekki 5 ýylyň dowamynda Germaniýa 10 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär.