• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Windows OU-da Wi-Fi torunyň parolyny anyklamak

Statistika boýunça ulanyjylaryň köpüsi öýdäki ulanýan internet  wifi-nyň açaryny ýatlaryndan çykarýalar. Eger-de WIFI-ňyzyň parolyny ýatdan çykaran bolsaňyz näme etmeli?Biz size Wi-Fi enjamyňyza Windows7 operassion ulgamly goýulan bolsa, onda şol ulgamlardaky çalt we has netijeli ýollary barada gürrüň bereris.

Geliň onda Windows operassion ulgamynda WIFI torunyň parolyny anyklanyşynyň üstünde durup geçeliň.

Windows7 operassion ulgamynda (WIFI) simsyz toruň parolyny bilmeklik üçin,ilki bilen ”tor ulgamy dolandyryş we umumy rugsat”( Центр управления сетями и общим доступом)diýen bölege girýäris.

Soňra açylan penjiräniň çep tarapyndan “simsiz tor dolandyryş”(Управление беспроводными сетям) (Wi-Fi) diýen bölejigiň üstüne syçanjygy eltip çep düwmäni iki gezek yzly-yzyna  basýarys (1-nji surat). Şol bada  simsiz tor ulgamynyň sanawy (Свойства беспроводной сети) diýen penjire açylar.

Bizi esasy gyzyklandyrýany 2-nji suratdaky görkezilen ýokardaky howpsyzlyk atly  goşmaça sahypasy (Безопасность). Bu goşmaça sahypadan biz “toruň howpsuzlyk açary” (Ключ безопасности сети) diyen ýazgyly setiri tapýarys. Şu setirdäki görkezilen parol şu “simsiz toruň” parolydyr”. Girizilen belgileri şekillendirmek (Отображать вводимые знаки) (2-nji surat) diýen bölekde bellik goýulmadyk ýagdaýynda ol ýyldyzjyklar bilen gizlendirlen ýagdaýda bolýar. Şonuň üçin ol paroly görmek üçin “Girizilen belgileri şekillendirmek” diýen bölege belligi goýmaly, şunlukda siz ýatdan çykaran simsiz toryňyzdaky (WI-FI) parolyňyzy görüp bilersiňiz .

Bellik:

Windows7 SP1 operassion ulgamynda bolsa “Simsiz tor” (WiFi) diýen bölegi ýokdyr. Şonuň üçin bu operassion ulgamynda “Simsiz torunda” (WiFi-yň) parolyny görmek üçin “Tora birikdirmek” (сетевые подключения) diýen bölümine baryp oňa birikmeli, ýagny şu bölüme girmeli. Girenimizden soňra şu dowamlylykda klawiaturadan Win+R düwmesine basyp gözleg penjiresini (Выполнить) buýruklaryny açýarys we gözleýji setire ncpa.cpl  buýrugyny girizip Ok düwmejigi basýarys we “Tora birikmek”(сетевые подключения) diýen bölege girip oňa çatylýarys.

Bize şol açylan penjireden  “Simsiz tor”(Беспровадная сеть) diýen ýazgyly setiriň üstine baryp syçanjygyň sag düwmesine basmaly.

Açylan goşmaça penjireden ýagdaýy (Состояние) diýen setiri saýlap alýarys. Açylan goşmaça ikinji penjireden “Symsiz toruň häsýeti” (Свойства беспроводной сети)  diýen düwmäni basýarys. Düwmäni basanymyzdan soňra açylan penjirede, penjiräniň ýokary setirindäki “Howpsuzlyk” (Безопасност) diýen goşmaça goýulan düwmäni basmaly we açylan 3-nji penjireden  “Girizilen belgileri şekillendirmek” (Отображать вводимые знаки) diýen setiriň öňündäki dört burçlukda belligi goýmaly. Soňra siz “Howpsyzlygyň açary” (Ключ безопасности) diýen setirde öz Simsiz toruňyzyň (WiFi) parolyny görersiňiz.