• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäde iň gymmat bahaly smarfonlary

1. Apple iPhone Falcon Supernova – bahasy 100 million dollar bolup, onuň daşy gymmat bahaly 18 karat sary ýa-da gülgüne gyzyl aýnadan ýasalan. Ondan başgada bu samartfonyň 950 probaly platinadan ýaslan görnüşi hem bardyr. Şeýlede bu smartfonda uly göwrümli almaz ýerleşdirilip, onuň gulaga dakylýan syrgalaryna (nauşnigina) gyzyl hem-de platina çaýylyp, onuň bahasy 300 dollara barabardyr. Ondan başgada muňa 5 ýyllyk keppilik geçilip, bu wagt aralygynda ähli näsazlyklar tölegsiz hyzmat merkezi tarapyndan bejerilip berilýär.

2. Goldstriker iPhone 3GS Supreme – 2017-nji ýylda Awstraliýaly telekeçi 3,2 million dollara satyn alyp, bu smartfonyň daşyny dünýä belli ýuwilirçi Stýuart Hýuz gyzyl çaýyp, 126 sany suwdan dury maýda almaz bilen bezäpdir. Ondan başgada ekranyň ýüzündäki düwmesi 7,1 karat almaz bilen bezelipdir.

3. Amosu Call of Diamond – gymmat bahalylygy boýunça dünýäde 3-nji orny eýelemek bilen, onuň bahasy 2,5 million dollara barabardyr. Ýagny britan ýuwilirçisi Aleksandr Amosu iPhone 6 smartfony alyp, onuň daşyny 18 karat gyzyl çaýyp, 6 000 sany maýdajyk ýokary hilli almaz bilen bejerip, 51 karat almaz bilen bolsa logasyny (nuşanyny) kaşaňlapdyr.

4. Aston Martin Racing 808 – daşy deriden hem-de 18 karat gyzyldan ýasalyp, onuň öň gapdaly almaz we ýokary hilli keramiki materil bilen kaşaňlanandyr.

5. Versace Unique – bu elde ýygnalan ykjam telefonyň 8 000 dollar bahasy bardyr.

6. Lamborghini 88 Tauri – munuň 6 000 dollar bahasy bar. Bu smartfon dünýäde iň ölçegli telefonleryň biri hasaplanyp, onuň 10 dýum ölçegli ekrany bardyr.

Dünýäde iň gymmat bahaly düwmeli telefonlaryň sanawy

1. Diamond Crypto Smartphone – munuň bahasy 1.3 million dollar bolup, platinadan ýasalan hem-de almaz bilan kaşaňlanan. Ondan başgada munuň 21 megapiksel durlukdaky kamerasy hem bar.

2. Gresso Luxor Las Vegas Jackpot – häzirki wagtda bu telefondan bar-ýogy 5 sanysy bolup, onuň gapdaly 200 ýyl saklanan  gara grenadil agajyndan ýasalyp, düwmeleri sapfirden we kesiji lazeri bardyr.

3. GoldVish Le Million Piece Unique – munuň bahasy 1.3 million dollar bolup, ölçegleri boýunça iň kiçi telefonlaryň sanawyna hem girýär.