• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Alymlar Mars planetasynda sement öndürmekligiň usulyny tapdylar

Eger-de ýer ýüzündäki adamlar haçan-da bir wagt Marsa gitmekçi bolanlarynda, onda ol ýerde hökmany suratda ilki bilen gurluşyga degişli, ýaşaýyşa zerurz bolan önümleri öndürmeli bolarlar, sebäbi ol zatlary ýerden alyp gitmeklik kyn hem-de örän gymmat düşer. Marsyň tebigy resurslary Ýeriňkiden tapawutly bolsa, jaýlary nämeden gurmaly? Mysal üçin Marsda sement öndürip bolarmy? Eger-de ABŞ-nyň Demirgazyk- Günbatar uniwersitetiniň oýlap tapyjylaryna ynansaň, onda bolýar.

Alymlar tarapyndan oýlanyp tapylan sement kükrtden we mars topragyndandyr. Aýtmaklaryna görä, Marsda bolsa kükürt ýeterlikli kän, ony suwuk halyna çenli gyzdyrmaly we gerekli proporsiýany marsyň topragy bilen garmaly. Alynan materialy soňundan sowatmaly. Netijede, berk sement alynýar, zerur halatynda onda täzeden hem ýasap bolýar.

Mars sementi ulanyp başlamak üçin elbet-de birnäçe wgt gerek, ýöne alymlar tarapyndan bu açyş möhüm rol oýnaýar. Teoriýa boýunça Mars planetasynda hemişelik gurluşyklar känbir kynçylyk döredip durmaz. Önümçilik üçin zerur bolan enjamlary ibermek ýeterlik bolar.