• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Üç ölçegli surat näme?

Üç ölçegli surat ýörite kompýuteriň kömegi bilen taýýarlandy.Bu surata “gözüň bilen seretmeli,beýniň bilen görmeli”. Sebäbi bu suratda şekil suratyň ýüzündäki bulam-bujarlyklaryň aňyrsynda gizlenen.Suraty gymyldamaz ýaly ýerde goýuň ýa-da eliňizde gymyldatman saklaň! Onuň ýüzündäki bulam-bujar şekillere üns bermäň. Bar ünsüňizi suratyň ýüzündäki bulam-bujar şekilleriň aňyrsynda jemläň. Eger birinji gezek synanyşanyňyzda şekili görüp bilmersiňiz-de ruhdan düşmäň, sabyrly boluň. Surata iki minutlap seredeniňizde şekili görüp bilmeseňiz, özüňize zor salmaň.Az-kem dynç alyp,täzeden synanşyň. Suraty gözüňize ýakyn tutyň-da pikiriňizi jemläň. Gözüňiz we aňyňyz suraty görmäge taýýar bolanda,suraty ýuwaşjadan özüňizden daşlaşdyryň.Tutuş surata seretmegi dowam ediň.Belli bir aralykdan soň ,suraty gymyldatman saklaň we oňa seretmegi dowam ediň.Şonda şekili görüp bilersiňiz.