• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Pikiriň bilen dolandyrylýan pilotsyz uçar

Pikiriň güýji bilen dolandyrylýan pilotsyz uçary Lissabonyň kompaniýalarynyň biri “Tekewer” hödürledi. Bu barada golaýda BBC habar berdi. Soňky wagtlarda pilotsyz  uçar adaty bolmadyk meşhurlyga eýe boldy. Ilki  harby güýçlere elýeterli bolan bu enjam indi kommunal hyzmatlarda, gurluşyk şereketlerinde, kino, telewideniýede we habar beriş serişdelerinde giňden ulanylyp başlandy. Uçarmansyz uçarlar bilen gyzyklanma hasda artyp häzir onuň smartfon we planşet bilen hem dolandyrylýan görnüşleri bar.

Emma portugal şereketi “Tekewer” pikiriň bilen dolandyrylýan “ Brainflight” atly uçarmansyz uçar döredip has-da öňe gitmegi maksat edip goýdy. Uçaryň eýesi kellesine beýni signallaryny kabul edip alýan onlarça sensor berkidilen towulgalany geýýär. Alnan maglumatlar bolsa, gös-göni uçýan enjama barýan radiosignala öwrülýär.

Innowasion pilotsyz uçaryň döredijileri özleriniň täze taslamasynyň gelejekde kämil pilotsyz awiasiýa ideýasyny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýarlar. Tehnologiýa ösýär we pilotsyz reaktiw uçarlaryň döredilmegi bolsa, diňe wagtyň işi – diýip, “ Tekewer” şereketiniň ýolbaşçylary  Rikard Mendeş tassyklaýar.

Agza: Graf tarapyndan