• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kompýuterleri we telefonlary bejermek üçin abzallar

Üstüne suw dökülen telefon bejermelimi? Dostuň öýüne kompýuter bejermäge bardyň, ýöne abzallaryňy ýatdan çykardynmy? Abzalyň şeýle ýagdaýlarda zerurdygyna düşündiňmi? Onda şu gün biz ykjam ýanyň bilen göterilýän abzallar barada gürrüň açalyň.

Naborlar

“iFixit”-iň oglanlary barada eşiden bolsaňyz gerek – olarda enjamlary söküp düzmek boýunça ummasyz kän instruksiýa bardyr. Mundan başga-da olar her dürli abzallar we naborlar satýarlar. Olaryň Pro Tech Toolkit – nabory durmuşda peýdaly bolup biljek abzallarynyň biridir.

Onuň içinde 70 golaý gural bardyr.

Biziň pikirimize size Aliexpress barada aýtmagyň zerurlygy ýok, ol barada hemmämiz bilýäris. Hutaýlaryň bu saýtynda Pro Tech Toolkit naboryna meňzeş – JAKEMY atly nabory tapmak mümkin. Bahasy bolsa ondan 2 esse arzan.

Bu meňzeş nabor özüniň uniwersallygy, ykjamlygy bilen örän gowydyr. Birnäçe enjamy aýratynlykda götereniňden bir sumkanyň içinde götereniň has amatly.

Açmaklyk üçin enjam

Mobil enjamlarynyň korpuslaryny açmaklyk üçin tekizleýji gurallaryň naborlaryny aýratynlykda hem satyn alyp bolýar. Mysal üçin açmaklyk üçin şeýle enjamlaryň biri.

Elbetde islendik enjamyň korpusyny açmaklyk üçin plastik karty ýeterlik ýalydyr, ýöne haçanda açjak bolanyňda ýörite abzallaryň zerurdygyna göz ýetirýärsiň. Kart hem käbir ýagdaýlarda zerur bolup biler, ýöne plastik skrepkalar, taýajyklar has amatlydyr. Bu naborlar enjamlaryňkydan hem has ýumşak plastikden ýasalan. Bu bolsa enjamyň korpusynyň döwülmesinden goraýar. Tekizleýji gural bolsa tersine metaldan ýasalan, her dürli ýagdaýlar üçin ulanyp bolýar. Ýogsada, tekizleýji gurallar – ozaldan gelýän stomatologiýa gurallarydyr, ýagny elektronika bilen bagly inçe işlerde örän peýdaly bolup durýar.

Multitullar

Enjamlar barada aýdanyňda, şeýle enjamy agzap geçmezlik mümkin däl. Meniň pikirimçe şuňa meňzeş enjamlary görensiň. Has hem atagzy enjamyny, onuň bolsa tutawajynda beýleki enjamlaryň, otwýortkanyň, gaýçynyň, pyçagyň we beýlekileriň bukulýan görnüşlerini.

Mutitullaryň iň meşhur önümleriniň biri - Leatherman we Victorinox. Olaryň haýsynyň has gowudygyny aýtmak kyn. Bu iki äpetlerden başga-da ýene-de hytaý önümleri hem bar.

Multituly saýlanyňda esasy zat, onuň içine goşulan enjamlara üns ber: olar kän bolmaly we olar seň meseläňi çözmek üçin gabat gelmelidir. Ýene esasy zatlaryň biri enjamyň polaty. Eger-de onuň hili erbet bolsa, onda almagyň zerurlygy ýok.