• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Gollandiýaly bezegçi ykjam howa arassalaýjy minarany oýlap tapdy

Uly şäherlerde howanyň gitdigiçe hapalanmagyna garşy birnaçe ylmy merkezler dürli ylmy işleri alyp barmak bilen, muňa garşy göreşýärler.

Şolaryň biri hem Golland bezegçisi Daan Roozegarde bolup, ol Smog Free Tower atly howany arassalaýjy minarany döretdi. Döredilen bu gurluş gönüden-göni hapalanan howany depesinden sorup, soňra süzüp, arassalanan howany öz boýdan başyna aşaklygyna tarap goýberýär. Minara sagatda 30 000 kub metre çenli howany işläp arassalamaga ukyply bolup, ol bu wagt aralygynda bary ýogy ýarym kilowatt elektrik energiýasyny sarp edýändir.

Bezegçi öz işini ilki bilen dynç-alyş seýilgählerinde gurnap howany arassalamak bilen çäklenmän, eýse ol seýilgähleriň gözelligine hem gözellik goşýandyr.

Minaranyň işleýşi tehnologiki tarapdan ygtybarly, iň amatly bolan usuly ulanýar. Ýagny, howanyň içine položitel zarýadly ion bölejiklerini goýberip, ol bölejikler hem howanyň düzümindäki adam saglygy üçin zyýanly elementleri özüne çekip almak arkaly howa arassalanýar.

Bulardan başgada minaranyň içinde ýygnanýan uglerod düwmejikleriniň ýalpyldysyny göz öňünde tutup bezeg işlerinde peýdalanmagy maksada laýyk hasaplaýarlar.