• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Dünýäniň iň uly gämisiniň gurluşygy dowam edýär

Fransiýanyň  Sen-Nazer gämi gurluşyk meýdançasynda dünýäniň iň uly gämisiniň gurluşygy alnyp barylýar. “ Harmony of the Seas ” atly gämisiniň daşynyň gurluşygy tamamlandy. Bu barada “ Roýal Karibbean” kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär. “ Oasis ” kysymly gämileriň täze görnüşi ýene-de bir ýyldan ulanmaga berler. Onuň ilkinji gatnawynyň 2016 – njy ýylyň aprel aýynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Ol 2016 – njy ýylyň noýabrynda ABŞ –nyň Florida ştatynyň Loderdeýl Fort portundan Karib adalaryna  syýahatçylary gezelenje alyp gider.

Gämi 7 bölümden ybarat bolar. Onda 20 dürli restoran bolar we myhmanhanalara 2394 adam hyzmat eder. Onuň içinde 3 suw howzy bar. Myhmanalara ýokary derejeli internet hyzmat mümkinçiligi dörediler. Gämi 5479 myhmana niýetlenendir.  

 

Agza: Graf tarapyndan