• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Öz hususy robotyňy aýyna 440 dollara kärendä (arenda) alyp bolýar

SoftBank ýapon kompaniýasy  Pepper atly robotlaryny geçen ýylyň oktýabr aýynda başlangyç sargytlaryny etdiler. Pepper ilkinji nobatda adamlar bilen gürrüňdeşlik geçmeklik üçin döredilipdi. Ol güldürmekligi, terbiýelemekligi, öwretmekligi, kömek etmekligi we adamlar bilen ýönekeýje gürrüňdeşlik geçirmekligi başarýar. Wagtyň geçmegi bilen robotlar has-da akyllanýarlar, sebäbi olar hemişe serwerlere baglanyp durýarlar, ol bolsa şu seriýadaky robotlaryň umumy “beýnisidir”.

Geçen aý Alibaba we Foxconn atly hytaý kompaniýalary robotlary döretmek bilen meşgullanýan SoftBank kompaniýasynyň bölünmelerine umumy bahasy 236 million dollarlyk goýum goýupdyrlar. Olaryň maksady ýakyn wagtlarda ýapon kompaniýasynyň Pepper robotlaryny we beýleki önümlerini dünýä bazaryna çykarmak.

2015-nji iýun aýynyň 20-ne Pepper robotlarynyň çäklendirilen partiýasy 1610 dollardan satuwa çykaryldy we 1 minudyň dowamynda satylyp gutardy.

Indi Softbank Pepperiň görnüşlerini biznes üçin hem hödürleýärler. Ol Pepper for Biz diýlip atlandyrylýar we dürli hilli köpçülikleýin edaralarynda, dükanlarda, kafelerde, myhmanhanalarda, klinikalarda we ş.m. ýerlerde ulanmaklyk üçin gönükdirilendir. Roboty kärendesine bermeklik aýyna 440 dollardan düşýär (Ýaponiýada 55 000 iýen). Üç ýyllyk almak şertnamasyny baglaşsaň, onda onuň bahasy 15 940 dollara barabardyr. Diýmek, biziň bu akylly kömekçimiz öz puluny hakykatdan hem ödeýändir, belki hem geljekde biz ony özümiziň gowy görýän ýerlerimizde görüp bileris.