• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýewropanyň iň “akylly” telefony

Golaýda “Consumer Reports” şereketi soňky ýyllaryň iň “akylly” telefonynyň “Samsung Galaxy S7” we     “Galaxy S7 edge” –digini mälim edipdi. Koreý kompaniýasynyň bu önümlerine Ýewropada hem şeýle baha berildi. Angliýanyň “ Which” neşiri hem bu iki smartfona degişlilikde 92 we 93 bal berdi. Neşir öz abunaçylaryna tehnalogiýa enjamlaryny almakda degişli maslahatlary berýär. Taýýarlanan sanawda “iPhone 6s” üçinji  ýeri aldy. “Samsung” –yň enjamlarynda “microSD” kartanyň bolmagy, enjamyň daşky görnüşi we kamerasynyň ýokary hilli bolmagy aýratyn nygtalyp geçildi. Bu enjamlar “Iň gowy smartfon” diýen ady diňe bu ýurtda däl,eýsem, Gollandiýa, Belgiýa, Fransiýa we Ispaniýa ýaly ýurtlarda hem aldy. Fransiýanyň “Que choisir”, Ispaniýanyň “ OCU-Compra Maestra”, Belgiýanyň “Test Aankoop” we Gollandiýanyň “ Consumentenbond” ýaly sarp edijilere maslahat berýän mediýa guramalary hem bu telefona ýokary baha beripdirler. Geljekde hem koreý kompaniýasynyň has ýokary hilli smartfonlary satuwa çykarmagyna garaşylýar.

LG-den ýokary netije

Dünýäniň öňdebaryjy tehnalogiýa kompaniýalary şu ýylyň birinji çärýegindäki girdejilerini mälim etdiler. Ýylyň ilkinji üç aýynda LG kompaniýasynyň ösüş depgininiň ýokary bolandygy mälim edildi. Degişli döwürde koreý şereketiniň peýdasy 66 göterim ýokarlanyp, 441 million dollar bolupdyr. Bu görkeziji 2014-nji ýylyň ilkinji çärýeginden soňraky iň ýokary boldy. Bilermenler birinji çärýekde bu kompaniýanyň 357 million dollar peýda gazanmagyna garaşýadylar. Ýokarky netije gazanmakda LED telewizorlaryň satuwynyň täsiriniň uludygy bellenilýär. Üýtgeşikligi bilen tapawutlanýan “LG G5” enjamynyň satuwynyň ýokary bolan halatynda, ilkinji çärýekdäki peýdanyň 525 million dollara ýetip, bu ugurda rekord goýmagyna garaşylýar.