• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýigrimi kilometirlik lift

Kanadanyň kosmos şereketi “Thoth Technology Inc”  20 kilometr belentlikdäki diňiň gurluşygyna amerikan ygtyýarnamasyny aldy. Şeýle desga ýel energiýasyny öndürer we adama hakykatdan-da, liftde kosmosa çykmaga mümkinçilik berer. Gepiň gerdeşine görä, ilkinji gezek şeýle kosmos liftini 1895-nji ýylda rus alymy Siolkowskiý teklip edipdi.

Häzirlikçe NASA dünýaniň iň uly raketasyny synagdan geçirmek bilen meşgul bolup, onuň adamzady Marsa eltmegine umyt baglaýar,ýöne Kanadanyň şereketi bolsa, kosmos syýahatynyň täze eýýamyna girmek üçin birnäçe täze ugurlary meýilleşdirýär. “Thoth” şereketi kosmosa lift gurmagy meýilleşdirip, ol raketany orbita uçurmak üçin sarp edilýän uly mukdardaky ýangyjy we pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berer. Bu diňiň belentligi Dubaýdaky 828 metrlik dünýäniň iň beýik binasy “Burj Halifadan” 20 esse beýikdir. Ýöne barybir açyk kosmosa çykmak üçin ýene-de 80 kilometr galýar.

“Thoth” – nyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji Kerolaýn Roberts diňiň taslamasynyň raketa tehnologiýasynyň özbaşdak gonşuny hem öz içine alýandygyny we munuň kosmos uçuşynyň täze eýýamynyň nyşanydygyny tassyklady: - Deňiz derejesinden 20 kilometr ýokarda gonuş kosmos syýahatyny uçardaky uçuşa meňzeş edýär.

Şeýle hem bu diň jahankeşdeleriň ösdürmek, ýel energiýasyny we aragatnaşygyny ösdürmek maksady bilen ulanylar. Taslamanyň ideýa taýdan ruhlandyrjysy – oýlap tapyjy doktor Brendan Kuaýn şeýle diýýär: - Kosmonawtlar 20 kilometr ýokarlygyna elektrik liftiniň kömegi bilen galarlar. Diňiň üstünden kosmos uçarlary olary orbita uçuryp, ýangyç guýmak üçin öwrülip we ýene-de täzeden uçyp bilerler. Şol birwagtyň özünde bolsa, kosmos liftiniň taslamalary çylşyrymly gurluşlara eýe bolup, onda grafen ya-da uglerod nanoturbalary ulanylar. Şeýle hem belent diňiň dinamik durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen onda ýel berilýän seksiýalar we uly çarhlar peýdalanylar.