• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Yl­my çeş­me­ler hem­mä el­ýe­te­rli bo­lar

 

 

 

Ýewropada alnyp barylýan ylmy açyşlarda toplanan maglumatlaryň hemmelere elýeterli bolmagy üçin täze düzgün girizildi. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän ylmy işleriň netijelerinden ähli adamlara peýdalanmaga mümkinçilik dörediler. Ýewropadaky ylmy barlaglary maliýeleşdirýän 11 guramanyň gelen netijesine görä, 2020-nji ýyldan başlap şeýle düzgün güýje giriziler. Bu guramalar “cOAlition S” atly şereket döretdi. “cOAlition S”-e agza bolanlaryň arasynda Birleşen Patyşalyk Barlag we innowasiýa, Fransuz milli barlag agentligi we Gollandiýa Ylmy barlag guramasy bar. 11 agzanyň ählisi her ýyl ylmy barlaglara 7,6 milliard ýewro sarp edýär. Hünärmenler öz açyşlaryny, ylmy barlaglarynyň netijelerini okyjylara tölegli ýetirilýän “Nature” we “Science” ýaly žurnallarda çap etdirenlerini kem görenoklar. Sebäbi olar has abraýly hasaplanýar. Şeýle neşirlerdäki ylmy makalalar birnäçe wagt geçenden soňra beýleki okyjylar üçin elýeterli edilýär. Hünärmenler maglumatlaryň elýeterli bolmagynyň ylymbilime uly goşant goşjakdygyny belleýärler. Sebäbi talyplar we mekdep okuwçylary mekdepde geçýän sapagyndaky açyşy tölegsiz ýagdaýda öwrenip bilýär. Bu ýagdaý şol ugurdan iş alyp barýan ýaş hünärmenler üçin hem gollanma bolup hyzmat edýär.