• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýeriň 3D kartasy

Merkezi Londonda ýerleşýän “EeGeo” kompaniýasy Ýer ýüzüniň 3D modelini döretmegiň aladasyny edýär. Karta elektron oýunlarda we “hyýaly hakykat” tehnologiýasynda peýdalanylar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Ýan Heterington elektron kartada Ýer ýüzüniň ähli ýeriniň boljakdygyny aýtdy. Bu kartanyň hem oýun dünýäsi ýaly, hem kosmosdan alnan şekil ýaly, hem-de “Google” kartasy ýaly geometrik we geografik karta boljakdygy mälim edildi.

2010-njy ýylda döredilen we 2015-nji ýylda ilkinji kartasyny ýaýradan “EeGeo” kompaniýasy “Cisco”, “Samsung” we “V&A Museum of Design” ýaly dünýä belli milletara müşderileri üçin karta taýýarlaýar. Söwda maksatly taýýarlanmadyk hem bolsa, “iOS” we “android” amaly ulgamy bilen işleýän enjamlarda işleýän bu karta häzire çenli “Apple iTunes app store”-dan we “Google play store”-dan 4,5 million gezek göçürilip alyndy. “EeGeo” üç hepdäniň dowamynda ýüz müňlerçe binalardan, daglardan we demir ýol ugurlardan görkezilen Ýaponiýanyň 3D kartasyny taýýarlady. Heterington we onuň 20 adamdan ybarat topary bäş ýyldan bäri şeýle kartany taýýarlamagyň aladasyny edýär.