• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Nokia 7 Plus” smartfony “JerryRigEverything” kompaniýasy tarapyndan synagdan geçirildi

Bir­nä­çe ýyl “Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­çi­li­gin­de bo­lan brend bir-iki ýyl­dan bä­ri gaý­ta­dan te­le­fon ön­dü­rip baş­la­dy. Berk­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan “No­kia”-nyň smart­fon­la­ry hem hiç ne­neň däl eken. Go­laý­da “No­kia 7 Plus” smart­fo­ny “Jer­ry­Ri­gEveryt­hing” at­ly mo­bil en­jam­la­ryň berk­li­gi­ni bar­la­ýan kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Enjam owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lanyp il­ki bilen onuň ek­ra­ny­ny pä­ki bi­len çy­zyp gör­dü­ler. Öň­ki ka­me­ra­sy we ek­ra­ny “Go­ril­la Glass” ul­ga­my bi­len go­ra­lan “No­kia 7 Plus” bu ugur­da ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­dy. En­ja­myň yz­ky ka­me­ra­sy we bar­mak yzy­ny oka­ýan sen­so­ry her­nä­çe çy­zyl­sa-da, iş­le­me­gi­ni do­wam ed­ýär. Me­tal ga­ba­ra­ly “No­kia”-ny nä­çe ep­le­jek bol­sa­lar hem dur­ku­ny üýt­get­me­ýär. Teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, “No­kia 7 Plus”-yň 2160 x 1080 pik­sel du­ru­ly­gyn­da 6 dýuým ek­ra­ny, “Zeiss” bren­di­niň ön­dü­ren yz­ky ka­me­ra­sy bar. En­ja­myň öň­ki ka­me­ra­sy hem şol bir brend ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­lip, 16 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta dü­şür­ýär. “Snapd­ra­gon 660” mik­rop­ro­ses­sor otur­dy­lan we 4 GB RAM-y bo­lan te­le­fo­nyň ýa­dy 64 GB deňdir. MicroSD kart ar­ka­ly ýa­dy­ny 128 GB-a çen­li kö­pelt­mek müm­kinçiligi bar şeýle-de onuň 3800 mAh kuw­wat­ly ba­ta­re­ýa­sy bolup ol uzak wagt­lap zar­ýad sak­lap bilýär.