• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Adamly uçuşlar 2030-njy ýylda başlar

Adamzadyň Ýeriň hemrasy Aýa aýak basanyna ýarym asyr bolup barýar. Şondan bäri asman giňişligine adamly uçuşlaryň ýüzlerçesi amala aşyryldy. Emma olaryň hemmesi kosmos gämileri we beketlerine uçmak üçindi. Ýagny Aýdan başga asman jisimine häzire çenli adam aýagy sekmedi. Planetamyzyň iň ýakyn goňşusy Wenera barmak mümkin däl. Sebäbi onuň atmosferasynyň gyzgynlygy 400 dereje töweregi we bulutlar gurşap alan. Şol sebäpli planetalary öwrenmek meselesinde beýleki goňşymyz Mars bilen gatnaşylýar. Häzire çenli bu planetany öwrenmek üçin onlarça enjam ugradyldy. ABŞ-nyň aerokosmos edarasy NASA Gyzyl planeta adamly uçuşlaryň 2030-njy ýylda başlajakdygyny mälim etdi. Munuň üçin beýleki ýurtlar hem uly taslamalary durmuşa geçirýärler. Ol ýerde adamlaryň ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegi maksat edinilýär. Birnäçe ýyldan bäri ol ýerde ýaşaýşyň alamatlarynyň bardygyny anyklamak üçin işler edilýär. Golaýda NASA Marsda suwuň alamatlaryny tapandyklaryny aýtdy. Edara Marsa adam aýagynyň basmagynyň o diýen daşda däldigini mälim etdi.