• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ilkinji wiruslar we olaryň käbirleriniň köpçülige ýetiren zyýanlary

Siz gündelik habar beriş serişdelerinde häli-şindi ol ýa-da beýleki bir kompýuter wiruslary, olaryň ýetirýän zyýanlarynyň möçberleri barada maglumatlara gabat gelýänsiňiz. Kompýuter bilen iş salyşýan adamlaryň hemmesi diýen ýaly öz ömürlerinde iň bolmanda bir gezek wirus bilen gabat gelşendirler. Häzirki döwürde köpçülige mälim bolan wiruslaryň sany müňlerçe bolup, olaryň mukdary gitdigiçe artýar. Eýsem, kompýuter wiruslary nähili zat?

Kompýuter wirusy – adatça, assembler maksatnama dilinde ýazylan uly bolmadyk maksatnamadyr. Aslynda kompýuter wiruslarynyň döreýşi onçakly bir çylşyrymly hem däldir. Ilkinji wiruslar tötänleýin, kompýuter üçin haýsydyr bir maksatnama düzüjiniň bilesigelijiliginiň, garagollygynyň netijesinde döräpdirler. Wiruslary käbir maksatnama düzüjiler garagollukdan ýa-da belli bir adamlara ýamanlyk etmek maksady bilen düzýärler. Wirus (başgaça, wirusly maksatnama) haýsydyr bir ýol bilen kompýutere (diskiň operasiýa ulgamly bölegine, ýerine ýetirilýän faýllara, gurluşlaryň maksatnamalaryna we ş.m.) düşýär. Ol öz zäherlän ulgam ýa-da amaly maksatnamasynyň işe göýberilmegi bilen herekete başlaýar. Wiruslaryň ýaýraýşy we hereket edişi dürli-dürlüdir. Olaryň käbirleri seýrek peýda bolup, üýtgeşik bir ses, mahal-mahal monitoryň ekranyna zyýansyz ýazgylary ýa-da suratlary çykarmak bilen çäklenýärler. Olara mysal hökmünde ilkinji kompýuter ulgamlarynyň birinde hereket eden, öz-özünden köpelýän “Kripper” ady bilen belli bolan wirusy görkezmek bolar. Bu wirus “Men Kripper. Hany meni tutubilseň tut-da!” diýen ýaly ýazgyny kämahallar ekrana goýberipdir. Ony ýok etmek üçin “Ripper” maksatnamasyny düzüpdirler. “Harp ýykyldy” wirusy bolsa kompýuteriň klawiaturasynyň işini bes etdirýär. Ýaňy ýazylan ýazgynyň harplary bolsa ýuwaşja ses edip, emaý bilen ekranyň aşak ýüzüne gaçyp ugraýarlar. “Bebe”, “Köke monstry”, “Digger”, “Kommuna”, “Wepna-757”, “Ýanki Dudl” we ş. m. wiruslar hem ýokarky topara girýärler. Bu wiruslaryň aglaba köpüsi zyýansyz bolup, olar maksatnama düzüjileriň garagollygynyň netijesidir. Ýöne wiruslaryň arasynda bolgusyzlaryna hem gabat gelip bolýar. Meselem, “Dynç alyş güni” diýlip atlandyrylan wirus dynç alyş güni kompýuter bilen işlemäge rugsat bermeýär. “Gimn” wirusy ulgam maglumatlaryny kompýuteriň ýadyndan öçürip, onuň işlemegini bes etdirýär, soňundan bolsa ozalky Sowet Soýuzynyň Gimnini çalýar. “Gara anna güni”diýlip atlandyrylýan wirus islendik aýyň anna gününe gabat gelýän 13-lenji güni öz gara işine girişýär.

Wiruslaryň has howplulary hem bar. Olar kompýutere aralaşandan, derrew adam bilen aldym-berdimli “söweşe” başlaýarlar. Bu wiruslaryň özlerine mahsus atlary hem bar. Meselem, “Gäbi azan”, “Duşman beýnileri”, “Karbunkul”, “Basybalyjy”, “Killer”, “Bulaşyklyk”, “Gara ar alyjy”, “Çöp düýbi çaga”, “Pislik” we başgalar.
Dünýäniň köp ýurtlary bilen birikdirilen kompýuter setlerinde bu wiruslar has-da çalt we giňden ýaýramak bilen, örän uly zeper ýetirýär we adam ömrüne howp salýar.
1988-nji ýylyň tomsunda Miçigan hassahanasynda hassalar hakynda maglumatlary işläp taýýarlaýan üç sany kompýutere ýokuşan wirus, maglumatlaryň saklanylýan bazasynda kesellileriň ornuny bilkastlaýyn çalşyrypdyr. Hernä, munuň wagtynda üsti açylypdyr, bolmasa gör näçe adama zeper ýetmegi, gör, kimleriň ömür tanapynyň kesilmegi hem mümkin eken.

1988-nji ýylyň Sanjar aýynda uniwersitetiň talyby Kornell Robert Morris öz ýazan wirusyny Internet kompýuter ulgamyna ornaşdyrypdyr. “Gurçuklar” toparyna girýän bu wirus örän çalt ýaýramak bilen, sanlyja sagadyň içinde 6 müň sany kompýuteri hatardan çykarypdyr. Onuň ýetiren zyýany 100 million dollara ýetip, olary düzetmek üçin 250 müň dollardan gowrak çykdajy edilipdir. Ulgamy kadaly işe girizmek üçin bolsa iki gün gerek bolupdyr.

1989-njy ýylyň başlarynda Donald Gin Burleson öz döreden wirusy bilen amerikan firmalarynyň birine degişli bolan 200 müň dollarlyk komission ýazgylary hatardan çykarypdyr. Bu wirusyň awtory türmä ýedi ýyllyk şertli düzgün bilen höküm edilipdip we oňa 11800 dollarlyk jerime töledilipdir.

Bu wiruslaryň hemmesini anyklap tapmak onçakly kyn däldir. Ýörite serişdeleri edinip, olardan dynyp hem bolar. Emma düýbünden gizlin hereket edýän wiruslar hem bar. Olar öz görnüşlerini yzygiderli üýtgedip durýarlar we ussatlyk bilen çalt we ösen serişdeler arkaly gizlenmegi başarýarlar. Olar özlerini ol ýa-da beýleki wiruslar hökmünde görkezip, aldawa salyp bilýärler. Şoňa görä-de olary tapmak we zyýansyzlandyrmak köplenç halatlarda başartmaýar. Ýöne, şeýle wiruslaryň garşysyna hem göreşip bilýän maksatnamalar döredilip başlandy.
Wiruslary aňtaýjy we olara garşy göreşiji maksatnamalary iki topara bölmek mümkin. Birinji topara degişli maksatnamalar peýdalanyjy tarapyndan zerur mahaly işe göýberilýärler we kompýuteriň çalt ýadyndan we disklerden wiruslary ýa-da olaryň hereketleriniň ýetiren zyýanyny gözleýärler.
Ikinji topara degişli antiwirus maksatnamalary çalt ýada ýüklenilip, işe girişmäge taýýar bolup durýarlar. Bardy-geldi wirus hereket edip başlaýsa, olar dürli çäreleri (mysal üçin, wirusyň bardygy barada peýdalanyjyny habardar etmek, maksatnamanyň işini togtatmak we ş.m.) görüp başlaýarlar.

Agza: Eziz Amanberdiýew tarapyndan