• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Awstraliýanyň günbatarynda Ýere iň güýçli gaçan asteroidiň yzy tapyldy

Alymlar Awstaliýanyň territoriýasynda diametri 30 kilometre deň bolan gigant asteroidiň gaçan yzyny tapdylar. Ol Ýere takmynan 3,46 million ýyl öň gaçan we güýçli sunami we ýertitiremegi döreden.

Awstralýanyň milli uniwersitetiniň alymlary we geologlary Kanberrede meşhur açyş barada aýtdylar, ýagny ýurduň günbatarynda diametri 30 kilometre deň bolan äpet asteroidyň yzy tapylandygy barada. Takmynan 3,46 million ýyl öň gaçan şeýle uly asman jisimi Ýerde güýçli ýumuryjy sunamini we biziň planetamyzyň gurluşyny üýtgeden 11-ballyk ýertitiremegi döreden. Bu açyş barada geologlar Precambrian Research žurnalynda makala ýazdylar.

Hünärmenler bu asteroid Ýere iň soňky gaçanlaryň biri bolmaly diýip çaklaýarlar. Urgynyň takyk ýeri entäk bellidäl, sebäbi tekoniki we wulkan işjeňligi netijesinde şol wagtyň kraterleri bir wagt ýiten.