• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Daşky gurşaw üçin iň arassa ulag

Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy iki sany täze elektroulagyny köpçülige görkezdi. “Budd-e” atly modelini hödürlemek nilen kompaniýa daşky gurşaw üçin zyýansyz ulaglaryň önümçiligine başlandygyny mälim etdi. Ol bir gezek zarýad berlenden soňra 375 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Bu ulag örän gysga wagtda zarýad alýanlygy bilen hem tapawutlanýar. “Budd-e”-niň batareýasynyň 80 göterim zarýad almagy üçin bary-ýogy 15 minut ýeterlik. Bu ýangyç guýmakdan biraz köp wagt bolsa-da, entek şeýle çalt zarýad alýan başga ulagyň ýokdugy bellärliklidir. Bilermenler onuň ýangyç çykdajysynyň gaty arzan boljakdygyny belleýär. LED çyralary bilen bezelen ulagyň gapylaryny we bagažyny ses bilen açyp-ýapyp bolýar. Şeýle hem kompaniýa “Golf” modeliniň elektrik energiýasy bilen işleýän nusgasyny hem hödürledi. “e-Golf Toch” atly ulagyň uly islegden peýdalanmagyna garaşylýar.