• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Hytaý kompaniýasy 20 tonna ýük göterijilikli drony barlagdan geçirdi

Hytaý halk respublikasynyň 2016-njy ýylda döredilen Tengoen Technology kompaniýasy 20 tonna ýük göterijiligi bolan drony (pilotsyz uçujy apparat) barlagdan geçirýär. Kompaniýa ondan başgada harby we beýleki maksatlar üçin niýetlenen pilatsyz uçujy apparatlary öndürýär.

         Tengoen Technology  kompaniýasy bu dronyň konstruksiýasynyň käbir aýratynlylaryny açyp görkezdi. Ýagny, pilotsyz uçujy apparadyň ganatynyň uzynlygy 43 metr we 8 sany hereketlendirijisi bolup, onuň korpusy uglewadarod sýüminden ýasalandyr. Ondan başgada kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, bu apparat 20 tonna ýüki alyp 7000 kilometr aralyga uçuşy ýerine ýetirmeklige mümkinçiligi bardyr. Şeýle uçarlaryň 2020-nji ýyldan başlap ulanylyşa goýberiljekdigi barada aýdylýar. Kompaniýa geljekde şeýle uly ýük göterijilikli pilotsyz dikuçarlary hem öndürmekçi bolýandygy aýdylýar, ýöne häzirlikçe bu barada kompaniýa tarapyndan resmi habar berilmeýär.  Esasy bellemeli zatlaryň biri hem häzirki wagtda iň ýokar ýük göerijilikli pilotsyz uçujy apparat TB-001 Scorpion bolup, onuň ýük göterijiligi 2.7 tonna deňdir.