• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Nobeliň ýeňijileri mälim edildi

1-nji oktýabrda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda we Norwegiýanyň paýtagty Osloda Nobel hepdeligi öz  şine başlady. Şwed himigi Alfred Nobel (1833-1896) öz wesýetnamasynda, 1810-njy ýylda esaslandyrylan dünýäniň iň meşhur lukmançylyk merkezleriniň biri Stokgolmdaky Karolina institutynda fiziologiýa we ylmy lukmançylyk boýunça baýragyň eýelerini saýlamagy tabşyrýar. Institutyň ýanynda döredilen Nobel komiteti hemişelik  bäş agzadan ybarat bolup, öz nobatynda, bilermenleri maslahata çagyrmak hukugyna eýedir. Dalaşgärleri teklip etmek şu ýylyň  31-nji ýanwarynda tamamlanyp, ondan soňra olaryň saýlawy başlaýar. Nobel baýragy fizika, himiýa, lukmançylyk we fiziologiýa, edebiýat, parahatçylyk ýaly ugurlarda hut Alfred Nobeliň wesýetnamasy esasynda berilýär. Bu ugurlardan başga- da 1969-njy ýyldan bäri Şwesiýa banky  Alfred Nobeliň hormatyna ykdysadyýet boýunça  baýrak gowşurýar. Ýöne şu ýyl şwed akademiýasynyň karary bilen Nobeliň edebiýat boýunça baýragy käbir sebäplere görä gowşurylmaýar.Akademiýanyň çözgüdine  laýyklykda, geljek ýyl 2018- nji we 2019-njy  yllaryň Nobeliň edebiýat baýraklarynyň eýelerniň atlary birbada mälim ediler. Nobel komiteti iň soňky pursatlara çenli baýraga dalaşgär alym hakynda hiç hili maglumat bermeýär we diňe habar beriş serişdeleri gizlinlikde saklanýan şahslaryň atlary bilen baglanyşykly öz çaklamalaryny öňe sürýärler. Şeýle- de Nobel komiteti diňe baýragyň eýesiniň adyny mälim edip, baýraga bellige alnan beýleki dalaşgärleriň atlaryny 50 ýylyň dowamynda gizlinlikde saklaýar. Şeýlelikde, 1-nji oktýabrda lukmançylyk we fiziologiýa boýunça baýragynyň eýeleri şwed paýtagtynda mälim edildi. Olar düwnük terapiýasy bilen iş salyşýan amerikaly we ýaponiýaly immunologiýadan hünärmenler Jeýms Elison we Tasuku Hondze dagydyr. Bu barada habar beriş serişdeleri Stokgolmdaky  Karolina  institutynyň  ýanyndaky  lukmançylyk boýunça Nobel  komitetiniň  resmi beýanatyna salgylanyp  habar berýärler. 2-nji oktýabrda amerikaly Artur Eşkin, fransiýaly Žerar Muru we kanadaly Donne Striklend dagy lazer fizikasynda innowasion oýlap tapyşlary üçin Nobeliň fizika boýunça baýragyna mynasyp boldular.  3-nji oktýabrda himiýa boýunça  obel  aýragy amerikaly alymlar Frensiz Arnolda we Jorj Smite hem-de Beýik Britaniýaly Gregoriý Wintere täze derman öndürmäge mümkinçilik berýän himiýa molekulalarynyň ewelýusiýasyna gönükdirilen işleri üçin  erildi. 5-nji oktýabrda 2018-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Norwegiýanyň paýtagty Osloda, 8-nji oktýabrda bolsa, Stokgolmda Alfred Nobeliň hormatyna döredilen ykdysadyýet boýunça baýragyň eýesi  mälim ediler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 10-njy dekabrda oýlap tapyjyAlfred Nobeliň dünýäden gaýdan güni geçiriler. Fiziologiýa we lukmançylyk, fizika, himiýa we ykdysadyýet boýunça baýraklar  Şwesiýanyň  paýtagty Stokgolmda gowşurylýar. Parahatçylyk baýragy bolsa, Norwegiýanyň paýtagty Osloda gowşurylýar. Dabara Norwegiýanyň koroly we onuň maşgalasynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Baýrak 1901-nji ýyldan bäri berlip,  jemgyýetçilik- syýasy, ynsanperwer ugurdaň meşhur we abraýly  halkara baýraklarynyň biri bolup durýar. Nobel gaznasynyň düzgüni boýunça, Nobel baýragyny almak üçin dalaşgärleri Nobel komitetiniň häzirki we öňki agzalary, maslahatçylary, milli parlamentiň agzalary we dürli ýurtlaryň hökümetleri  hödürleýärler. Soňky 117 ýylyň çinde ylmyň ösüşinde uly goşant goşan 920 sany meşhur alym bu baýraga mynasyp  bolupdyr. Baýragyň eýeleri  sahnada Karl XVI Gustawyň elinden Nobeliň şekili haşamlanan altyn medaly we diplomy alarlar. Baýragyň uly  bolsa, 9 million krondan (1,02 million dollar) ybaratdyr.