• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Taryhy-medeni ýadygärligi göçürdiler

 

Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bat­man we­la­ýa­tyn­daky XIII asy­ra de­giş­li “Ar­tuk­lu” ham­ma­my tä­ze teh­no­lo­gi­ýalar ar­ka­ly dur­ku­ny boz­man, baş­ga ýe­re gö­çü­ril­di. 1500 ton­na ag­ra­myn­da­ky ta­ry­hyme­de­ni ýa­dy­gär­lik Bat­man we­la­ýa­tyn­da­ky Ha­san­keýf me­de­ni se­ýil­gä­he ýer­leş­di­ril­di. We­la­ýa­tyň hä­ki­mi Ah­met Deňi­ziň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu bina ýurduň gü­nor­ta-gün­do­ga­r bö­le­gin­de gu­rul­ýan iri “Ylysu” suw how­da­ny se­bäp­li baş­ga ýe­re gö­çü­ril­ýän il­kin­ji ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik däl. Döw­let me­de­ni mi­ra­sa uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şo­nuň üçin ta­ry­hy bi­na­la­ryň stra­te­gik ähmi­ýe­ti bar­dyr. Ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri dur­ky bo­zul­mazdan, baş­ga ýe­re gö­çür­mek halkyň ta­ry­hy­na we me­de­ni mi­rasy­na go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň my­sa­ly­dyr – di­ýip, hä­kim gürrüň ber­di. Onuň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ýe­ne-de 7 ta­ry­hy ýa­dygär­lik gö­çü­ri­ler.

Äh­li bi­na­lar bir ýe­rde jem­le­ner. 2017-nji ýylda bu se­bit­dä­ki Zeý­nel be­ýiň küm­me­ti hem gö­çü­ri­lip­di. Ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­ligiň gö­çü­ril­me­gi üçin 256 tigirli SPMT ula­gyn­dan peý­da­la­nyl­dy. 650 ýyl­lyk ham­mam 3 ki­lo­metr uzaga äki­dil­di. Mu­nuň üçin 37 mil­li­on türk li­ra­sy sarp edil­di.