• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Çykyş? Nähili çykyş etmeli? (Peýdaly maslahatlar)

 

 Başlangyç

1. Prezentasiýa taýynlykdan öň özüňize sorag beriň: kim sizi diňlemeli, kimler siziň auditoriýaňyz? Şu soraga jogap berip, anyklaň, haýsy ugur boýunça siziň çykyşyňyz taýynlandy.

2. Haýsy esasy pikiri ýetirmekçi bolýaňyz? Haýsy esasy zady diňleýjileriň aňynda galdyrmakçy?

3.Çykyşyňyzyň senariýasyny dörediň (aýtmaly zatlaryňyzy tertipleşdiriň). Gerekmejek slaýdlary aýyryň. Ýogsam olary çalt geçirmeli bolarsyňyz.                                                                                       

                                                              

Prezentasiýanyň görnüşi 

Prezentasiýa üçin haýsy görnüşi ulanmalydygyny pikirleniň.

Görnüş nämelerden ybarat?

a) Fon

b) Şrift

ç) Slaýtda obýektleriň ýerleşişi

Gradiýentli fonlary ulanmak maslahat beremok. Meselem, suratlar we ş.m.

Bir slaýtda ikiden artyk şriftleri ulanmaň. Şriftler uly bolmalydyr! Fonuň reňki açyk bolsa gowy bolardy (gara ýa-da gök reňkler – jüpüne düşmedik synanşyk bolar)

Maglumatlary ýatda galdyrmak

Siz çykyş etýän temaňyz barada nämeleri bilýäňiz? Diňleýjilere nämeleri aýdyp biljek? Diňleýjiler nämeleri ýatlamaly? Şu soraglara özüňizçe jogap tapyň.

Ýene bir zat - 1 slaýd=1 pikir.

Söz näçe az bolsa, şonça-da gysgaça tezisler köp bolar. Slaýdyň ýüzüni tekstden doldurmaň. Bir slaýdyň ýüzünde birnäçe grafik ýerleşdirmäň.

Tablisa ýerleşdirmäň. Sifrler çalt özleşdirilmeýär we gowy görünmeýär. Gowusy gistogrammalar bilen çalyşyň.

Animasiýalary azyrak ulanjak boluň. Prezentasiýanyň dili – konfirensiýanyň dili bolsun.

Auditoriýa bilen kontaktda boluň. Gatyrak gürlejek boluň, birsyhly (monoton) gürlemekden saklanyň. Prezentasiýanyň başyny çykyşyňyzyň wajyplygy bilen başlaň.

Jemlemeleri ahyrky slaýdlarda goýjak boluň. Soňundan diňleýjilere minnetdarlygyňyzy unutmaň!

Esasy zat, siz çykyşyňyzy oturanlardan gowy bilýäňiz. Öz mümkinçiligiňize, güýjiňize ynamly boluň!

Üstünlik hemraňyz bolsuň!