• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Awiasiýa sergisi geçirildi

Fransiýada geçirilen Halkara awiasiýa sergiside dünýäniň öňdebaryjy uçar öndüriji şereketleri öz harytlaryny satmak üçin birnäçe ylalaşyga gol çekdiler. Parižde iki ýyldan bir gezek geçirilýän çäräniň çäklerinde Ýewropanyň  “Airbus”  kompaniýasnyň 124 uçar sargydy alandygy mälim edildi. Şereketiň ýolbaşçylary pudagyň geljegine umyt baglaýarlar. Öňümizdäki 15 ýylda uçar bazarynyň iki esse ösmegine garaşylýar. Amerikan “Boeing” kompaniýasy hem täze müşderileri bilen birnäçe ylalaşyga gol çekdi. Kompaniýa bu yerde 145 uçar sargydy aldy. Geljek 20 ýylyň  dowamynda täze “ Boeingleriň ” müşderilere ýetiriler. Kompaniýa bu sargytlardan 4,96 trilion ýewro girdeji gazanmagy maksat edinýär.

Amerikan kompaniýasy serginiň çäklerinde “787 Dreamliner” modeliniň täze görnüşini görkezdi. Bilermenler soňky wagtlarda nebitiň bahasynyň pese gaçmagynyň awiasiýa pudagynyň ösmegine oňyn täsir etjekdigini belleýärler.

Agza: Graf tarapyndan