• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Samsung - gözüň görejini skanirleýän planşet

Samsung kompaniýasy täze "Galaxy Tab Iris“ atly göreji skanirleýän planşedi mahabatlandyrdy. Bu örän takyk we tiz ulanyjyny anyklaýan biometrik usuldyr.

Ýeketäk ulgam

Göreji skanirleýän skaner - planşediň arka tarapynda ýerleşýär. Identifisirlemek üçin gözi sensora tarap eltmek ýeterlikdir. Her uanyjy hususy 12 simwolly "Aaghaar“ idendifikasion nomer alýar. Maglumat bazasyna ulanyjynyň şahsy maglumaty we biometrik maglumatlar ýazylýar.

"Samsung Galaxy Tab Iris“ planşedi diňe Hindistanda satylar. Ony diňe döwlet edaralarynda işleýän işgärler ulanarlar. Bu maliýa we maglumat dolanşygynda howpsuzlygy ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Bu planşet ýönekeý häsiýetnama eýedir:

  • Displeý: 7 dýum, 1024х600 mümkinçilikli;

  • Prosesor: 4 ýadroly, ýygylygy 1,2 GHz;

  • Ýady: 1,5 GB operasion ýatly, 8 GB hemişelik ýatly, microSD kart ulanmak mümkinçiligi bar;

  • Akkumulýator: 3600mA/sag;

  • Aragatnaşyk: 2G/3G, Wi-Fi a/b/g/n, Bluetooth 4.1;

  • OS: Andoid 5.0 Lollipop;

  • Kamera: adaty 5Mpic;

  • Gabarity: 193х116х9,7 mm, 327 gramm;

  • Bahasy: 200$