• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TARYHDA AT GOÝAN BELLI HAKERLER HAKYNDA №7

Dmitriý Galuşkewiç

Estoniýany tutuşlygyna internetsiz goýdy

2007-nji ýylda Estoniýa döwletiniň hemme territoriýasynda internet ýitdi. Estoniýada, belli bolşy ýaly şol wagtlar interneti döwletiň içinde ýaýratmak boýunça we hökümet edaralarynyň elektron resminama dolanyşygyna geçmek meselelere has çynlakaý çemeleşilýän döwrüdi, üstesine-de beýle ýagdaýyň ýüze çykmagy döwlet üçin has agyr degdi. Estoniýada şol wagtyň özünde döwlet saýtlary, bankomatlar işlemedi we birnäçe döwlet ulgamlaryny wagtlaýyn torlardan öçürmeli boldy.

Ýerli häkimiýet bu hüjüm boýunça Russiýanyň hökümetini günäkärledi, sebäbi şol döwür Estoniýada käbir bidüzgünçilikleriň köpelen wagtydy.

Hökümet bu hadysa boýunça birnäçe hepdeläp derňew işlerini geçirdi, netijede muňa günäkär 20 ýaşly, milleti rus, Dmitriý Galuşkewiç bolup çykdy, ýöne onuň passporty eston döwletiniňki eken. Galuşkewiçi tussag etmekden ýüz dönderdiler, oňa diňe 17 500 kron (takmynan 1500 ABŞ dollary) bilen jerime salyndy.