• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Kim köp bilmeşek

Sport bilen meşgullanmagyň ähli ýaşdakylary adamlar üçin peýdalydygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Sportuň dürli görnüşleri biziň sagdyn durmuşda ýaşamagymyza öz täsirini ýetirdi. Ýüpde bökmek çagalaryň iň gyzykly we peýdaly oýunlaryň biridir. Golaýda bu oýunyň has gyzykly bolmagyna täsir etjek ýüp näçe gezek bökülendigi hasaba alynýar we gologramma arkaly näçe gezek howadaky ýazgyda görüp bolýar. Şeýle hem “Bluetooth” arkaly bu maglumaty smartfouňa hem geçirip bolýar. Onuň howada görkezýän sanlaryny iň ýagty ýerde hem görmek bolýar. Mundan başga-da, “ Smart Gym” atly applikasiýaly telefonlar arkaly  näçe wagt maşk geçendigiňizi  hem görkezýär. Oňa iki sagat zarýad bereniňden soňra 36 sagatlap ulanmak bolýar. Onuň  uzynlygy 243 sm.

(boýy 152-163 sm  bolanlar üçin )  258 sm

(boýy 165-175 sm bolanlar üçin) 274 sm

(boýy 178-188 sm bolanlar üçin) 287 sm

(191-201 sm bolanlar üçin) görnüşleri bar.

Ýüpüň we goşmaça enjamlaryň agramy 301-217 gram aralygynda.