• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Bluestack – android operasion ulgamy Siziň kompýuteriňizde

Bluestack – programmasynyň kömegi bilen android ulgamynda işleýän programmalardyr oýunlaryny kompýuteriňize gurnap bilersiňiz. Google play-den hem gönümel programmalary we oýunlary ýükläp bolýar. Bu programmany http://bluestacks-com.ru/ şu salgydan ýükläp bilersiňiz. Bluestack programmasynyň üsti bilen ýüklenen oýunlaryň sany diňe Siziň kompýuteriňiziň gaty diskiniň (HDD) göwrümine bagly bolup durýar. Bu programmanyň üsti bilen android ulgamynda işleýän islendik programmaňyzy, hatda 3D oýunlaryňyzy hem ulanyp bilersiňiz. Bulardan başga-da, Bluestack programmasy islendik oýnuňyzy doly ekranda açyp bolýar. Indi Siz “clash of clans” ýaly oýunlaryňyzy oýnanyňyzda kiçi ekrana seredip gözüňizi agyrtman kompýuteriňizde doly ekranda oýnap bilersiňiz. Bu programma düýbünden mugtdygyny ýatlatmany unudypdyryn, islendik wagt ýüklenip bilersiňiz.

Üstünlik arzuw edýärin!!!