• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Samsung GALAXY S5 bilen Apple iPhone 5s telefonlarynyň arasyndaky test duel

Zehinli.biz saýtynyň hünärmenleri tarapyndan Samsung GALAXY S5 bilen Apple iPhone 5s öýjükli telefonlarynyň arasynda deňeşdirme geçirdiler. Sony и LG telefonlary biziň günämizi geçsinler: elbetde olardada gowy smartfonlar bar, ýöne ol kompaniýalar has-da özboluşly. Samsung öz stilini saýlap alan hem bolsa, ýöne käbir pikirlerini - ideýalaryny Apple-den alýar, özi hem has-da mese-mälim edýär. Ýöne siz gaharlanmaň, biz bu erbet diýip aýdamzoga.

Aşakda tablisa görnüşinde olaryň häsiýetlerine synlalyň.

 

Parametri 

Apple iPhone 5s

Samsung GALAXY S5

Operasion ulgamy

iOS 7

Android 4.4

Ekrany

TFT IPS, 4’’, 640x1136 px.

AMOLED, 5,1’’, 1080x1920 px.

Dýuýmdäki pikseli (PPI)

326

432

Prosessory

Apple A7, 

2x1300 МГц, ARMv8 64-bit

Qualcomm Snapdragon 801 MSM8974AC

4x2457 MGz, ARMv7 32-bit

Grafiki prosessory

PowerVR G6430

Adreno 330

SIM-kardynyň görnüşi

nano-SIM

micro-SIM

Operatiw ýady

1 Gb

2 Gb

Oturdylan ýady

16/32/64 Gb

16/32 Gb (5 Gb golaýy ulgam tutýar)

Kardyň ýady

Ýok

micro-SD (128 Gb çenli )

Wi-Fi

802.11 a/b/g/n

802.11 a/b/g/n/ac

Bluetooth

4.0

4.0

Arka kamerasy

8 Mp, wspyşka, awtofokus

16 Mp, wspyşka, awtofokus

Frontal (öňündäki) kamerasy

1,2 Mp

2 Mp

Goşmaça

GPS, A-GPS, GLONASS, LTE

GPS, A-GPS, GLONASS,

LTE (hemme modellerinde däl),

NFC, IrDA, suwdan goraýan IP67, FM

Göwrümi

58,6х123,8х7,6 mm

72,5х142х8,1 mm

Agramy

112 g

145 g

Akkumulýator

aýrylmaýan, 1560 mАç

aýrylýan, 2800 mАç

 

Biz test geçirmek üçin G900F modelini saýlap aldyk, onda LTE bar, prosessory bolsa Qualcomm,operatiw ýady 16 Gb. Biziň pikirimizçe bu telefon ýurdumyzda iň meşhurlaryň biridir.

Ýogsada, LTE hakynda. Bizde şeýle bir pikir döredi, ýagny iPhone 5s bilen GALAXY S5  telefonlarynyň birmeňzeş şertde maglumat geçirilişiniň ortaça tizligini hasapladyk. Ýöne gynansak-da, GALAXY S5 telefonyňky her niçik-de bolsa pes geldi.

Daşky görnüşi - dizaýny

Samsung özüniň köp mümkinçiliklerini Apple meňzedýär. Mysal edip, barmak yzlarynyň skaneri, bu hakda bir az soň ýatlap geçeris. Ýöne käwagt şeýle duýgy peýda bolýar, ýagny Samsungyň öz önümleriniň bahasyny ýokary goýmagynyň esasy sebäbi hem Apple-däki mümkinçilikleriň gabat gelmegidir.

Ýöne Apple-de – materialyň hili ýokarydyr (metall, ýüzüniň aýnasynyň berkligi), Samsung-da bolsa – plastik, ony bolsa ýa metal ýa-da koža edip maskirowka edýäler. Indi bu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar – name üçin GALAXY S5-iň bahasy iPhone bilen deň bolmaly? Sabyrsyz adamlar diňe täze Samsung üçin köp pul çykarýarlar. Emma birnäçe aý sabyr etseler, onuň bahasy öňki däp boýunça 30% aşak düşer.

Ýene bir zat, biziň pikirimizçe materialy meňzeş etmeklik bu bir çynlakaýlyk däl. Umuman aýdanyňda, iPhone diňe bir gowy görünmek bilen däl-de, eýsem ol „halal“ hem görünýär. Onuň daşky korpusy has hili ýokary we örän gymmar materialdan ediendir, bu bolsa ýeterlikli hakykatdyr.

Başga tarapdan, GALAXY S5-de tozan we çyglylyk geçirmeýän IP67 goragy bar. Bu name? Bu teoriýa boýunça – tozan siňmekden we 1 metr çuňlukdaky suwa salanyňdaky doly goraglylyk (ýöne, bellemeli zat Sony flagmanlaryndaky üaly suwuň aşagynda işlemek mümkinçiliklerine kepil geçilmeýär). Has hem bu smartfonyň korpusy gaty bir goragly görnenok. Bizi iki sany zat çekindirýär: micro-USB 3.0 slotynyň gapagynyň ýeňil açylmagy we „açylýan“ gapajyk.

Telefonyň  gapagyny gowy ýapmadyňyz – telefon suwa gaçdy. Her gezek sim kardy  ýa-da SD kardy çalyşmaly bolýa, üstesinede gowy ýapylandygyny her sapar barlap durmaly. Tejribede ulanyjylaryň telefonyň gapagyny doly ýapmaýandyklaryna köp gabat gelinýär (beý diýsek diňe bu telefon däl-de, eýsem beýleki smartfonlara hem degişlidir). Haçan-da hem bolsa telefonlaryň gapagynyň doly berk ýapylmajakdygy barada ähtimallyk hem bar.

Umuman aýdanyňda, smartfony suwuň akymyna görä ýuwmaklyk maslahat berilmeýär, suwda oň bilen ýüzmeklik – asla bolanok. Smartfony ýagyşyň aşagynda ulanmakda bolsa, saýtyň hünärmenleri tarapyndan iPhone 5s telefony bilen birnäçe gezek gürleşip gördüler, häzirlikçe smartfon kemsiz işläp dur.

Şeýlelikde, ýokary hilli materialy göz öňünde tutmak bilen – daşky görnüşi (dizaýny) boýunça iPhone 5s ýeňiji boldy.

Indi bolsa hormatly saýtymyzyň agzalary, öz pikirleriňiz barada teswir goýmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.