• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Arzan bahaly emeli hemra

Häzirki wagtda aragatnaşyk hyzmatlary bilen bir hatarda oba hojalygy, ylmy barlaglar, lukmançylyk we halk hojalygynyň beýleki ugurlarynda dürli emeli hemralardan peýdalanylýar. Olaryň äzüne düşýän hem – de işletmek üçin bahasy hem dörediliş maksadyna laýyklykda üýtgeýär. Kolumbiýanyň Medelin şäherinde arzan bahaly emeli hemralar işlenilip taýýarlandy. “ Ideatech”  atly firmanyň  ýaş hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan kiçi bolmagyna garamazdan, bitirýän işi diýseň  ähmiýetli. Ýeriň aşaky orbitasy üçin niýetlenip taýýarlanan emeli hemralary uçurmak we ondan peýdalanmak hem o diýen gymmat däl. Gysga wagtda köp mukdarda maglumat geçirmäne mümkinçilik  berýän enjamlary has işjeň ulanyp bolýar. “ Ideatech” – iň ýolbaşçysy uly göwrümli emeli hemralaryň bahasynyň 50 -100 million dollar aralygyndadygyny belleýär. Ol öz ýasan kiçi göwrümli hemralarynyň kosmosa uçurylmagy bilen 350 müň  dollara düşýändigini belleýär. Ol enjamy orbitada bir ýyllap saklamak üçin 500 – 600 müň dollar ýeterlikdigini belleýär. Bu enjamlary ýagynyň ýagmagy, deňizdir derýalaryň suw mukdaryny, ýerden näçeräk hasyl alyp boljakdygyny hasaplamak ýaly maksatlar üçin hem ulanmak bolar.