• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Amazonyň täze maksatlary

ABŞ – nyň ekektron kitap söwdasy bilen meşgullanýan “Amazon” kompaniýasy awtorlarda öz eserleri üçin töleg ulgamyny üýtgetdi. Täze düzgüne laýyklykda, saýtdan göçürilip alnan elektron kitaplaryň okalan her sahypasy üçin hak tölener. Häzire çenli saýt kitabyň  awtorlaryna göçürilip alnan her kitap üçin pul berýärdi.

 

“Amazon” – yň beren beýanatynda elektron kitap okyjylary “Kindle” – iň çäksiz abunaçylarynyň okan sahypa sanynyň kitapdan alynjak girdejini kesgitlejekdigi mälim edildi. Bilermenler bu düzgüniň has uly göwrümli kitap ýazýanlaryň has köp girdeji gazanmagyna getirjekdigini belleýär. Şeýle hem “Amazon” täze töleg ulgamynyň kitabyň hilini kesgitlemekde has aýdyň netije görkezjekdigini belleýär. Bu düzgün awtorlaryň öz teklibi bilen elektron usulda çap etdirilen kitaplara degişli bolar. Neşirýatlaryň hödürlän kitaplaryna berilýän töleglerde öňki düzgün dowam etdiriler. Geljekde sahypa üçin berilýän töleg düzgüniniň ähli elektron kitaby öz içine almagyna garaşylýar.