• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

IBM-iň kwant kompýuterinde “bulutly” serwis işe göýberildi

3-nji maýda IBM kompaniýasynyň täze bäş kubly kwant serwisiniň işe giriziliş çäresi bolup geçdi. Bu kompýuter kompaniýanyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän merkezi barlaghanasynda geçirildi. Ol işgärlere tölegsiz “bulutly” serwerlere girmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ol diňe hasaplama işleri üçin ulanylýar. Serwisi ulanmaklyk üçin öňünden doly arza ýazylyp tabşyrylmalydyr. Eýýämden şol arzalaryň yzgyderliligi düzüldi. Häzirki wagtda arza berýänleriň sanynyň näçedigini näbelliligine galýar.

Kompaniýa haýsy programmalaryň we algoritmleriň iş üçin we biznes üçin nähili derejede peýdaly boljakdygyny kesgitleýärler. Şonuň üçin elýeterligiň göwrümi ýeterlikçe uludyr. Köp hünärmenleriň tassyklamagyna görä geljekgi kwant kompýuterleri maglumatlary saklamaklykda we işläp taýýarlamakda beýleki häzirki zaman kompýuterlerinden has uludyr.

Kompýuteri ulanmaklykda amatly we düşnükli bolar ýaly programmany döredijiler ulanyjylar üçin örän amatly interfeýsi döredipdirler. Kompýuterde işlemeklik ýeňil we çalt hem-de komandalary düşnükli maşyn dilinde girizmek mümkinçiligi bardyr. Şonuň üçinem bu etabynda kompýutere elýeterlik we funkional mümkinçilikleri güýçli çäklendirilendir. Hemme barlaglary belli bir yzgiderlikde geçirilýär. Her gezekki geçirilen barlaglardan soň her bir topar onuň netijesini elektron poçtanyň üsti bilen ugratmalydyrlar.

Şular ýaly kompýuterleriň başarjaňlygy görnüp durandyr. Şonuň üçin bu taslamanyň üstünde döredijiler köp hünärmenler işleýärler. Microsoft kompaniýasy öňden bäri şu çäkde işläp gelýärler. Google kompaniýasynyň hem, özüniň NASA bilen bilelikde ylmy-barlag tejribehanasy bardyr. Bu bolsa dünýä alymlary tarapyndan ylma tarap ädilen uly ädimleriniň biri bolup galýar.