• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Toyota kompaniýasy hemra ulgamyna gönümel baglanmaga mümkinçilikli awtoulag görkezdi

2016-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-ne Detroit şäherinde geçirilen DemirgazykAmerikanyň Halkara awtosalonynda (North American International Auto Show, NAIAS) Toyota Motor Corp kompaniýasy özüniň "Kymeta Concept" atly koseptual awtoulagyny görkezdi. Bu awtoulagyň esasy aýratynlygy Mirai FCV (Fuel-Cell Vehicle) binýadynda düzülip, ol hemişelik daşky maglumatlar ulgamyna we Internete baglanmak üçin hemra aragatnaşygynyň ulgamy ulanylýar.

Häzirki zaman awtomobillerinde maglumaty simsiz tor arkaly alyşýarlar, esasan öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tory arkaly. Gynansakda, bu torlar kepil geçilen doly ýokary tizlikli arabaglanyşygy üpjün edip bilenoklar. Bu mümkinçiligi häzir diňe hemra aragatnaşygy üpjün edip biler, emma parabolik antennalar (параболические антенны) ýeňil awtomobile oturtmak ýeterlikli uly bolar.

Ýokarda agzalan meseleler Kymeta Corp Ýapon kompaniýasynyň hünärmenleri Toyota kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde üstünlikli çözüp, ilkinji tekiz hemra aragatnaşygynyň nusgasyny taýýarladylar.

"Kymeta Concept" awtoulagynda hemra aragatnaşygynyň bolmagy maglumat alyşygynda onuň ýerine we howanyň ýagdaýyna bagly bolmaz. Hemra aragatnaşygy ýokary tizlikli arabaglanyşygy üpjün edip, dünýäniň ähli künjeginden uly göwrümli maglumatlary ibermäge we almaga mümkinçiligi bolar.