• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

PEÝDALY MASLAHAT №3

UltraISO  programmasynyň komegi bilen BOOT fleşka ýasamak

UltraISO programmasy diskiň obrazyny döretmek we redaktirlemek üçin niýetlenen. Ýüklenýän fleşkany döretmek üçin programmanyň içki funksiýalaryny ulanmaly bolýarys.

Programmany açýarys suratda görkezilşi ýaly çep tarapda administratoryň üstüne basýarys:

Soňra menýu girip "Файл"-y açmagy saýlaýarys.

Ýüklenýän fleşkany döretmek üçin operasion ulgamyň gerekli obrazyny saýlaýarys, meselem şu ýerde Windows Vista operasion ulgamyň obrazy görkezilen:

Ony belleýäris, soňra menýu girip "Самозагрузка" basýarys we "Записать образ Жесткого диска..." bölegi  saýlaýarys.

Penjire peýda bolýar, ol ýerde ýazyljak obrazy we ýazylyşyň usulyny saýlap, dakylan enjamy dogry görkezmeli (ol hökmany suratda USB+HDD düzgünini saýlamaly) we “записать” düwmä basmaly.

"Записать" düwmesine basylandan soň, "Подсказка" penjiresi peýda bolar, ol ýerde size hem fleş göterijisindäki maglumatlary pozmaklygy maslahat berer. Razylaşyň!

Şondan soňra fleşka maglumatlar ýazylyp başlaýar.

Belli bir wagtdan soň operasion ulgamyň nusgasy ýüklenýän fleşkamyza ýazylýar.

Ine şeýdibem ýüklenýän fleşkamyz taýyn boldy!

Gadyrly zehinliler, haçanda kompýuteri işe göýberenimizde ýüklenýän fleşkany esasy gurluş höküminde BIOS-da görkezmeli, bu bolsa kompýuteriň ýüklenýän fleşkadan ýüklenmegini amala aşyrar.