• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Iň arzan we iň ykjam UZI apparaty işlenip taýýarlanyldy

Butterfly Network kompaniýasynyň hünärmenleri ölçegleri boýunça oňaýly, amatly bahasy bolan UZI (ultrases barlag) apparatyny oýlap tapdylar. Adaty Uzi apparaty kwars kristal enjamynyň üsti bilen, elektik togyny peýdalanyp wibirasiýa döretmek bilen adam bedenine ultrases tolkunlaryny goýberýär. Netijede dürli anatomiki gurluşlardan serpigip gelýän ultrases tolkunlary kabul edilip, elektrik impulsyna özgerdilýär hem-de ýörite ekranda proýeksirlenýär. Butterfly Network kompaniýasynyň UZI apparatynda bolsa kwars kristalynyň ýerine ýörite gurluş bolup, ýagny ultrasesleri metal plastik özgerdiji we iki elektrodyň arasyna berkidilen ýörite çip gurluşdan ybaratdyr.

 Bir çipde ultrases tolkunlaryny üç ölçegli surata özgertmäge ukyply bolan takmynan 9000-e golaý şeýle gurluşlar ýerleşdirilendir. Ondan başgada bu çip bir sekunta 1/2 trillion operasiýany ýerine ýetirmäge ukyply bolup, gurluş neýrotordan we goşmaça hakykatdan ybaratdyr. Munda ekranyň ýerine bolsa islendik smartfony ýa-da planşeti ulanmak bolýar. Barlanan bedenden alynan netijäni bolsa islendik islendik ýere uratmak mümkinçiligi bardyr.

         Bu gurluşyň häzirki wagtda bahasy ABŞ-nyň 2000 dollaryna deň bolup, adaty apparatlardan has amatlydyr. Eýýam ABŞ-nyň FDA lukmançylyk gözegçiligi (nadzory) bu iQ atly UZI apparatyny lukmançylykda, ýagny urologiýada, genikologiýada, ýürek, süňkleriň gurluşynda we damar-myşsa barlaglarynda ulanmaga rugsat berdi.