• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

LynQ siziň ýakynlaryňyzy nirde bolsada tapar

Treker geolaksiýa funksiýasy bilen dünýäniň islendik nokadynda bolan ýeriňizde, ol size hiç haçan azaşmana rugsat bermez. Meselem, siz nätanyş şähere gitýärsiňiz ýa-da öz çagalaryňyzy bazara alyp gitýäňiz, olaryň köpçülikde ýitenini islemeýäňiz. Onuň üçin Treker LynQ enjamy döredilen.

Telefonyň zarýady çöküp, aragatnaşygyň kesilmegi mümkin, Googlyň kartasy bolsa köp wagtlap ýüklenilýär. LynQ enjamynda bolsa bu agzalýan kemçilikler aýrylan.

LynQ - guraly göwrümi boýunça uly däl, ony jübüdede  gizläp bolar  ýa-da eşikden hem asyp bolýar. Onuň işleýşi diýseň ýönekeý. Siz LynQ enjamyny  toparyňyzdaky adamlara berip bilersiňiz ýöne onuň sany 12-den köp bolmaly däl. Soňra bu enjamy biri-biri bilen baglanşdyryň we siziň dostlaryňyzyň nähili uzakdalygyny we olaryň haýsy ugurdalygyny aňsatlyk bilen gözlap bilersiňiz.  Muny ýerine ýetirmek diýseň aňsat. Soňra toparyň ölçegini saýlaň, bu ýere LynQ enjamyň ähli görnüşleri birleşer we belli bir radiusda jemlener. Soňra siz birek-birekden dürli aralykdaky uzaklyga gidip bilersiňiz - a treker bolsa sizi sputnikleriňiziň kömegi bilen 3 mil aralykda gözläp biler. Siz LynQ-yň kömegi bilen hat hem ugradyp bilersiňiz, ýagny: “Ýeriňizde boluň” ýa-da “Yanyma geliň”. Ony has sada dolandyryp hem bolar ýagny, dostuňyz size ýakynlaşanda siziň sputnigiňize habar geler ýaly edip.

JK adaty ekranyň ýagdaýyna serdeniňde, enjamyň az energiýa sarp etmegi üçin e-lnk ekrany onuň öň tarapynda ýerleşdirilen. Ekranyň ýüzünde siziň gözleýän  dostuňyzyň ady, onuň ugry we  aralygy çykar. Enjamda ýekeje düwme bolup siz onuň kömegi bilen esasy menýu geçip bilersiňiz. Onuň batareýasy 3 gün doly ýagdaýda işläp biler.