• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

TÜRKMEN DÖWLET ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTY

2017/2018-nji okuw ýyly  üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň  aşakdaky   ugurlary  (hünärleri)  boýunça  talyplyga  Kabul  edýändigini  yglan edýär:

 

1. Awtomobil  ulagynyň  ulanylyşy  (hünär:  awtomobiller  we  awtomobil  hojalygy).

2. Howa  ulagynyň  ulanylyşy  (hünärler:  howa  hereketiniň  dolandyrylyşy;  uçuş enjamlarynyň  we hereketlendirijileriň  tehniki  ulanylyşy;  howa  gämileriniň  awiasion  we radioelektron  enjamlaryny  tehniki  taýdan  ulanmak;  howa  ulagynda  gatnawlary  guramak  we  dolandyrmak).

3. Demir  ýol ulagynyň  hereket  edýän  düzüminiň  ulanylyşy  we   batlanyşy  (hünärler:  lokomotiwler;  wagonlar;  ulagda  gatnawy  guramak  we hereketi  dolandyrmak;  demir  ýol ulagynda  awtomatika,  telemehanika  we aragatnaşyk).

4. Suw ulagynyň  ulanylyşy  (hünärler:  gämi  sürmeklik;  gämileriň  energetiki  desgalarynyň  ulanylyşy;  portlaryň  we ulag menzilleriniň  ýükleýiş-  düşüriş  enjamlarynyň  ulanylyşy).

5. Gämi  gurluşygy  we umman  tehnikasy (hünär:  gämi  gurluşygy).  6. Aragatnaşyk  we teleradiokommunikasiýa  ulgamlary  (hünärler:  awtomatiki  elektrik  aragatnaşygy;  köpkanally  elektrik  aragatnaşygy;  radioaragatnaşyk,  radioýaýlym  we telewideniýe;  önümçiligiň  we  tehnologiýa  prosesleriniň  awtomatlaşdyrylyşy  (poçta  aragatnaşygy);  infokommunikasiýa  tehnologiýalary;  telekommunikasiýa  ulgamlarynyň  maglumat  howpsuzlygy).

7. Gurluşyk (hünärler:  köprüler  we ulag nagymlary;  demir  ýollaryň  gurluşygy,  ýol we ýol hojalygy;  awtomobil  ýollarynyň  we uçuş  meýdançalarynyň  gurluşygy).

8. Pudak  kärhanalarynyň  ykdysadyýeti  we dolandyrylyşy  (hünär:  ulag we aragatnaşyk kärhanalarynda  ykdysadyýet  we dolandyryş).

9. Menejment  (hünär:  logistika).

10. Kompýuter tehnologiýasy  (hünärler:  awtomatika  we tehniki  ulgamlarda  dolandyryş;  hasaplaýyş  torlarynyň  programma  üpjünçiligi).  Instituta  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da orta  hünär  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri boýunça

bäsleşik   esasynda  Kabul  edilýär.

Institutda  okuwlar  tölegli  esasda  alnyp  barlar.  «Howa  ulagynyň  ulanylyşy  » ugruna  okuwa  girýänler  uçujy-  dispetçer  we inžener-  tehnik  wezipelerinde  işleýänler  üçin niýetlenen  Gollanmanyň  düzgünlerine  laýyklykda  lukmançylyk  barlagyndan  geçýärler.

Resmi  iş kagyzlary  welaýat  merkezlerinde  we Aşgabat  şäherinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy iýuly  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy: 

— bellenilen  nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan  arza;

 — bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi; 

— giriş synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça  halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.  Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary  Kabul  edýän  iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:

— şahsy  pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär  talyplyga  Kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.  Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin   alaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  Kabul  edilmek  institutda  (Aşgabat  şäheri)  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär: 

Aşgabat  şäheri  — iýul   ýynyň  30-31-i, awgust  aýynyň  3-i we 5-i  günleri

Ahal welaýaty  — awgust  aýynyň  1-2-si, 4-i we 6-sy günleri 

Mary  welaýaty  — awgust  aýynyň  7-8-i, 11-i we 13-i günleri

Lebap  welaýaty  — awgust  aýynyň  9-10-y, 12-si we 14-i günleri

Balkan  welaýaty  — awgust  aýynyň  15-16-sy, 19-y we 21-i günleri

Daşoguz  welaýaty  — awgust  aýynyň  17-18-i, 20-si we 22-si  günleri

Giriş  synaglary  hünärmenleri  taýýarlamagyň  ähli  ugurlary  boýunça  matematika,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy  derslerinden  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet dilinde  dilden  geçirilýär. 

 Giriş   synaglarynyň  tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelmedikler  ýa-da dersleriň  biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär. 

 Giriş   synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda   görkezilenler  peýdalanýarlar: 

 — saýlan ugry  boýunça 2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;

— çagyryş   boýunça  harby  gullugy  geçenler. 

Türkmen  döwlet  ulag we aragatnaşyk  institutynyň  salgysy:

Aşgabat  ş., Oguzhan  köçesi,  13; tel.: 49-35-86, 49-44-21.

 

 

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY  TÜRKMEN DÖWLET  MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2017/2018-nji okuw ýyly  üçin hünärmenleri  taýýarlamagyň  aşakdaky  ugurlary  (hünärleri)  boýunça  talyplyga  kabul  edýändigini  yglan edýär:

1. Fizika  we matematika  (hünärler:  fizika;  matematika). 

2. Tebigy  bilimler  (hünärler:  himiýa;  biologiýa;  geografiýa).

3. Ynsanperwerlik-  durmuş  bilimleri  (hünärler:  taryh;  başlangyç  bilimiň  mugallymçylygy,  psihologiýa;  mekdebe   çenli  bilim we bedenterbiýe).

4. Dil we edebiýat  (hünärler:  türkmen  dili  we edebiýaty;  rus dili  we  edebiýaty;  iňlis  dili  we edebiýaty;  hytaý  dili).

 Tölegli esasda  okadyljak  hünärmenleri  taýýarlamagyň  ugurlary  we  hünärleri:

1. Dil we edebiýat  (hünärler:  rus dili  we edebiýaty;  iňlis  dili  we  edebiýaty;  hytaý  dili). 

Instituta  Türkmenistanyň  umumy  orta  ýa-da orta  hünär  bilimli,  ýaşy  35-den geçmedik  raýatlary  giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  bäsleşik  esasynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlary  Lebap,  Mary,  Daşoguz  welaýatlarynyň  merkezlerinde  2017-nji ýylyň  10-26-njy iýuly  aralygynda  kabul  edilýär.

Resmi  iş kagyzlarynyň  sanawy:

 — bellenilen  nusgada  rektoryň  adyna  ýazylan  arza;

— bellenilen  nusgadaky  sowalnama  (anketa);

— umumy  orta  (ýa-da orta  hünär)  bilim  baradaky  resminama  (asyl  nusgasy);

— Türkmenistanyň  Saglygy  goraýyş  we derman  senagaty  ministrligiň  tarapyndan  bellenilen  nusgadaky  saglyk  kepilnamasy;

— soňky  okan ýerinden  (işlän  ýerinden,  harby  bölümden)  häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki  sekiz  sany  fotosurat;

— işleýänler  üçin zähmet  depderçesiniň  tassyklanan  göçürmesi;

— giriş  synaglaryndan  üstünlikli  geçen  ýagdaýynda  artykmaçlyklardan  peýdalanýan  okuwa  girýän  ýylynda  mekdep  okuwçylarynyň  dersler  boýunça  döwlet  bäsleşiginiň  ýeňijileri,  umumybilim  dersleri  boýunça halkara  bäsleşiklerine  gatnaşan  Türkmenistanyň  ýygyndy  toparynyň  agzalary  şol ýagdaýlary  tassyklaýan  degişli  resminamanyň  asyl nusgasyny  tabşyrýar.

Bulardan  başga-  da, okuwa  girmäge  isleg  bildirýänler  ýokarda  görkezilen  resminamalar  bilen  birlikde  resminamalary kabul  edýän   iş toparyna  aşakdakylary  görkezýärler  we nusgalaryny  tabşyrýarlar:  — şahsy   pasportyny;

— Türkmenistanyň  Ýaragly  Güýçlerinde  harby  gullugy  geçenler  harby  şahadatnamasyny,  harby  gullugy  geçmedik  ýigitler  ýazylyş  şahadatnamasyny  we ýaşaýan  ýeri  boýunça  harby  wekillikden  güwähatyny.

 Dalaşgär talyplyga  kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki  resminamalary  görkezip  biler.

 Nädogry  berlin  maglumatlar  we resmi  iş kagyzlary  üçin dalaşgär  şahsy  jogapkärçilik  çekýär.

Giriş  synaglary  we okuwa  kabul  edilmek   institutda  (Türkmenabat  şäheri)  aşakdaky  möhletlerde  geçirilýär: 

 Mary  welaýaty  — iýul aýynyň  31 – awgust  aýynyň  1-i, 4-i we 6-sy günleri

Daşoguz  welaýaty  — awgust  aýynyň  2-3-i, 5-i we 7-si günleri 

Lebap welaýaty  — awgust  aýynyň  8-9-10-y, 11-12-si we 13-i  günleri  Giriş  synaglary  aşakdaky  dersler  boýunça  geçirilýär:

fizika  hünäri   — fizika,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy; matematika  hünäri  — matematika,  fizika,  Türkmenistanyň  taryhy;

himiýa  hünäri  — himiýa,  biologiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

biologiýa  hünäri  — biologiýa,  himiýa,  Türkmenistanyň  taryhy;

geografiýa  hünäri  — geografiýa,  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy;

taryh  hünäri  — Türkmenistanyň  taryhy,  türkmen  dili  we edebiýaty,  jemgyýeti  öwreniş; 

başlangyç  bilimiň  mugallymçylygy,  psihologiýa  hünäri  —  türkmen  dili  we edebiýaty,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy; mekdebe  çenli  bilim  we terbiýe  hünäri  — türkmen  dili  we  edebiýaty,  matematika,  Türkmenistanyň  taryhy; 

türkmen  dili  we edebiýaty  hünäri  — türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy,  jemgyýeti   öwreniş; 

rus dili  we edebiýaty  hünäri  — rus dili  we edebiýaty,  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy; 

iňlis   dili  we edebiýaty  hünäri  — iňlis  dili,  türkmen  dili  we   debiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy; 

hytaý  dili  hünäri   — hünär  dili boýunça   ýa-da iňlis  dili,  türkmen  dili  we edebiýaty,  Türkmenistanyň  taryhy.

Dersler  boýunça  giriş  synaglary  Türkmenistanyň  orta  mekdepleriniň  okuw maksatnamalarynyň  esasynda  geçirilýär.  Degişli  diller  boýunça  geçirilýän  dil derslerinden  başga  ähli  dersler  boýunça  giriş  synaglary  döwlet  dilinde  dilden  geçirilýär.  Giriş  synaglarynyň

Tertibinde  bellenen  wagtda  synaga  esassyz  sebäplere  görä  gelip  bilmedikler  ýa-da dersleriň   biri  boýunça  synagdan  geçip  bilmedikler  ondan  soňky  synaglara  goýberilmeýär.   Giriş  synaglarynyň  netijeleri  boýunça  deň mukdarda  baha  alanlardan  talyplyga  kabul  edilmek  üçin artykmaç  hukukdan  aşakda  görkezilenler  peýdalanýarlar: 

— mugallymçylyk  mekdebini  tamamlan  we mugallymçylyk  ugrundan  2 ýyldan  az bolmadyk  iş tejribesi  bolanlar;

 — çagyryş   boýunça  harby  gullugy  geçenler.

Seýitnazar  Seýdi  adyndaky  Türkmen  döwlet  mugallymçylyk  institutynyň  salgysy:  Türkmenabat  ş., Şabende  köçesi,  7; tel.: 3- 25-50, 3-04-18.