• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

2017-nji ýylda Samsung maýyşgak 4K ekranly smartfonlary öndürip başlar

Weibo Hytaý sosial ulgamynda Samsungyň 2017-nj ýylda bir wagtda 5 sany smartfon öndürmekçidigi barada habarlar peýda boldy. Olaryň 4-si, ýagny garaşylýan Galaxy S8 we S8 edge, Note 7 we Note 8 ekranyň 2,5K mümkinçilikli bolan, bäşinjisi bolsa syrly Samsung Galaxy X maýyşgak 4K ekranly smartfonlarydyr.

Geljegiň tehnologiýasy:

Sammobile resurslarynyň habar bermegine görä Samsung smartfonlarynyň maýyşgaklyk rewolýusiýasy PenTile tehnologiýasynyň esasynda dörediler. Bu örän möhüm shema subpikseli (gyzyl,ýaşyl we gök), 2000-nji ýylda Clairvoyante kompaniýasy tarapyndan döredilipdir.Ýöne häzirki wagtda bu shema elektronikanyň başga çäklerinde giňişleýin ulanylýandyr. Samsung kompaniýasynyň şeýle maýyşgak smartfonlary öndürmeklik pikiri mundan bir ýyl öň döredi. Şu dörediljek tehnologiýanyň esasynde örän uly ekranlary hem biz öz jübümizde götermeklik mümkinçiligi dörär. Jaňlaşmak, kyn açylýan gadjetler, oýun we wideolar üçin 4K ölçeg mümkinçilikli tehnologiýasy ulanylmak göz öňünde tutulýar.