• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

“Wikipediýa” neşir ediler

Suratkeş Maýkl Mendiberg iňlis dilindäki “ Wikipediýany” öz sergisi “From Aaaaa! To ZZZap!” üçin neşir etmegi meýilleşdirýär. Bu sergi Manhettendäki “Denny Gallery” galereýasyndaky guralýar. Onuň saýtynda habar bermeklerine görä, Mandiberg ähli elektron ensiklopediýany çap etmän, onuň uly bolmadyk bölegini çykarýar. Ol bolsa, her biri 700 sahypadan üç sütünden 76000 jilt bolardy. Suratkeş “Wikipediýany” çap etmek bilen bu elektron näderejede uludygyny görkezmegi maksat edinýär. Biz ensiklopediýany tutuşlygyna çap etmän, diňe kagyz jiltler bilen bir şkafy doldursak hem adamlar maglumatyň hakyky mukdaryny göz öňüne getirip bilerler – diýip, “ The New York Times” -  e  beren interwýusynda mälim etdi. “ Wikipediýanyň” 106 jiltini neşir etmek prosesi 10 güne çeker. Galereýa gelip görýänler islendik kitaby 80 dollara satyn alyp bilerler. Onuň doly ýygyndysy 500 müň dollara durýar.