• Zehinli ýaşlar-Biziň geljegimizdir!!!

ZEHINLI.BIZ

Ýer bilen Aýyň arasyna nämüçindir Gün sistemasynyň galan ähli planetasy takyk ýerleşýär

Biziň dünýämiziň gurluşy NASA-nyň alymlaryny uly pikrlenmä getirdi.

Ýerden Aýa çenli  ortaça uzaklygy 384 400 kilometra barabar. Ýagny, biziň tebigy  hemramyz gaty bir uzakda-da ýerleşmedik. Şeledigini görkezmek üçin NASA-nyň hünärmenleri Gün sistemasynyň galan planetalaryny şol aralyga “dykyp saldylar”. Hünärmenleri haýrana goýan ýeri, planetalar ol ýerde kiçiräjik yşyň galmagy bilen takyk diýen ýaly ýerleşdiler.

Planetalaryň syrly parady: bu dünýäni döreden biz däl...

Dogrudanam şeýlemikä!, geliň barlap göreliň: Merkuriniň diametri 4879 km, Weneraňky – 12104, Marsyňky – 6671, Ýupiteriňki – 139822, Uranyňky – 50724, Saturynyňky – 116464, Neptunyňky – 49244 km, goşýas welin 380008 kilometra deň bolýar. Pluton hem aralaryna ýerleşen bolsady. Ýöne ol 2006-nji ýyldan bäri nämçündir planeta hasap edilenok.

Indi alymlar çaklaýar: gabat gelme tötändenmi ýa-da şeýle edilip döredilen. Ýogsada bu gabat gelme ýeke-täk däl. Aýyň diametri Günden şeýle aralykda saýlanan we ýerleşdirilen, ýagny olaryň arasyna Ýerşary düşse takyk Aýyň disaksyny ýapýar. Eger-de biziň tebigy hemramyz bolmalysyndan uly ýa-da kiçi bolan bolsa biz, onda oňa gözegçilik edip bilmezdik.

Ähli planetalar Aý bilen Ýeriň arasynda hakykatdan hem yzly-yzyna ýerleşen diýip göz öňüne getireliň. Näme bolardy? Ýupiter olary ýuwudyp başlardy. Bir hepde-de “sorordy”. Netijede bir äpet planeta dörärdi. Şuňa meňzeş başga ýyldyzlar sistemasynda tapylan – Gyzgyn Ýupiter diýip atladyrylýar.

Iň soňunda diňe bir planeta galar. Bir Gyzgyn Ýupiter, paşga gyldyzlar sistemasyndaky ýaly.

Alymlaryň pikirine görä,  planetalaryň heläkçilikli güýçleri biz ýok, ýöne nirededir bir ýerlerde bolan bolmagy mümkin.

Ýogsada, alymlar şeýleräk çak atypdyrlar, Aýyň ýerine haýsyda bolsa başga bir zat bolan bolsa-dy, onda biziň asmanymyz nähil görünerdi. Suratlandyrsalar şeýle ajaýyp bolupdyr.

Ýupiter şeýeleräk görünerdi, eger-de aýyň ýerinde duran bolsa. Onda Ýer Ýupitriň hemrasy bolardy.

Şeýlede bolsa, nämçündir Gün sistemasynyň ähli planetsy Ýer bilen Aýyň aralygna ýerleşýär? Çözülmedik...